dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Card image cap
Apr 16 2026
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasy açyldy

Şu gün Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagyndaky wekiliýetiň hem-de türkmen tarapynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebiniň çäklerinde Lu Ban ussahanasynyň açylmagy degişli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin uly ähmiýetli okuw-önümçilik merkezine öwrüler. Bu taslamany amala aşyrmak üçin uly işler durmuşa geçirildi. Dabara gatnaşyjy myhmanlar Lu Ban ussahanasynyň birinji biologiýa tejribehanasy hem-de birinji maglumat-tehnologiýalar otagy bilen tanyşdylar. Hytaýly hünärmenler Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň biologiýa tejribehanasynyň häzirki zaman barlaghana enjamlary we maglumat-tehnologiýalarynyň sanly serişdeleri boýunça uniwersitetiň professor-mugallymlary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Şeýle-de okuwlaryň çäklerinde amaly sapaklar geçirilip, täze enjamlar bilen işlemek, olaryň tehniki mümkinçiliklerini doly peýdalanmak boýunça hünär başarnyklary kämilleşdirildi. Ussahanada gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň biologiýasy we gözlegi, maglumat ugurlary hem-de tehnologiýalary bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar. Şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiriler.

Card image cap
Apr 14 2026
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin suw serişdelerine elýeterliligi kepillendirmäge çagyrdy

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin suwa, suw serişdelerine we deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterliligi kepillendirmäge çagyrdy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynda eden çykyşynda aýtdy. «Şu gezekki forumyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak hakynda ýene bir mowzugy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu meselede eýeleýän orny anyk we aýdyňdyr. Bu döwletlere suwa, has giň manyda suw serişdelerine, şeýle hem deňiz ýollaryna deň we deňhukukly elýeterlilik üpjün edilmelidir» — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Onuň sözlerine görä, Şeýle çemeleşme diňe bir syýasy-hukuk däl, eýsem, ahlak esasly şert bolup hem çykyş edýär. Ol häzirki we geljek nesilleriň öňünde jogapkärçilik bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň awgustynda ýurdumyzda dünýä ähmiýetli möhüm waka — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Maslahatda kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy BMG-niň resminamasy derejesine eýe boldy. Bu resminamada 44 döwletde ýaşaýan onlarça million adamyň kanuny hukuklaryny we zerurlyklaryny üpjün etmek üçin durmuşa geçirilmeli esas goýujy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler beýan edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu resminamanyň ähli düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli we maksatly işleri alyp barjakdygyny nygtady. «Bu işde giň halkara goldawyna umyt edýäris» — diýip, ol sözüniň üstüne goşdy. Milli Lider Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýandygyny hem aýtdy. Ýurduň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň bähbitlerini goramak boýunça rezolýusiýalaryna esaslanyp, Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn tagallalaryny birleşdirmäge we BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da UNIDO bilen amaly işleri netijeli utgaşdyrmaga mundan beýläk-de ýardam berer. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG bilen bilelikde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda iş alyp barýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini goramak ulgamynda we beýleki birnäçe wajyp ugurlar boýunça kabul edilen Kararnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan resminamada beýan edilen wezipeleri çözmek üçin köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, UNIDO bilen agza döwletleriň hereketlerini netijeli utgaşdyrmaga goldaw bermegini dowam etdirer.

Card image cap
Apr 13 2026
Iki türkmen ýokary okuw mekdebi «Lomonosow-2026» atly halkara maslahaty üçin meýdança hökmünde çykyş etdi

Türkmenistanyň iki ýokary okuw mekdebi Lomonosow-2026 halkara ylmy maslahaty atly XXXIII Halkara ylmy maslahatynyň dört bölümini geçirmek üçin meýdança hökmünde çykyş etdi. Bu maslahat M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guraldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, forumyň işi 10-njy aprelden 24-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň sebitlerindäki meýdançalarda, şeýle hem M.W. Lomonosow adyndaky MDU-nyň Russiýadaky, Gazagystandaky, Täjigistandaky, Ermenistandaky, Özbegistandaky, Azerbaýjandaky we Hytaýdaky şahamçalarynda, şeýle-de Türkmenistandaky halkara meýdançasynda jemi 44 bölüm boýunça geçirilýär. 11-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda üç bölüm üstünlikli geçirildi: «Daşary ýurt dilleri we sebitleýin öwreniş», «Terjime nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» hem-de «Filologiýa». Şol gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem «Himiýa» ugry boýunça forumyň ýene bir bölümini geçirmek üçin meýdança hökmünde çykyş etdi. Türkmenistanyň talyplary, magistrantlary, aspirantlary we ýaş alymlary öz ylmy çykyşlary bilen gatnaşyp, innowasion gözlegleriniň netijelerini, ylmy gazananlaryny we amaly ähmiýetli tekliplerini hödürlediler. Türkmenistan şeýle görnüşdäki halkara hyzmatdaşlyga ilkinji gezek geçen ýyl goşuldy. Şonda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda «Lomonosow» halkara maslahatynyň iki bölümi geçirilipdi. Şu ýyl bolsa Aşgabat şäherindäki M.W. Lomonosow adyndaky MDU-nyň halkara meýdançasy has-da giňeldildi. Bu bolsa akademiki hyzmatdaşlygyň berkeýändigini görkezýär.

Card image cap
Apr 10 2026
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, bu ýoluň gadymy döwürlerde yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşdäki nusgasyna öwrüljekdigini  nygtady. Bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolup, onuň Mary — Türkmenabat bölegi 288 kilometrdir. Bu ýol bölegi «Türkmenawtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Ýoluň ugry Mary şäherinden başlap, Ýolöten we Türkmengala ýaly ilatly nokatlaryň golaýyndan geçýär hem-de demirgazyk-gündogar ugry boýunça Türkmenabat şäherine çenli uzalýar. Taslamanyň çäginde jemi 3 sany iri köpri guruldy. Ýoluň umumy galyňlygy 4 – 6 metr aralygyndadyr. Onuň ugrunda jemi 3 sany tehniki hyzmat ediş nokady, 5 sany ýangyç guýujy beket, 583-nji kilometrde uly töleg terminaly, 353-nji kilometrde kiçi töleg terminaly hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, bu ýoluň ugrunda oba hojalyk tehnikalaryny we mallary geçirmek üçin niýetlenilen geçelgeler göz öňünde tutulan. 234 sany wideogözegçilik bolsa ýokary tizlikli gara ýoly gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Ýolda 144 sany telefon ulgamy ýerleşdirilip, zerur ýagdaýda hyzmat ediji topar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýär. Ýokary tizlikli ýoluň giňişligi jemi 34,5 metr bolup, iki taraplaýyn ýoluň hereket böleginiň ini 22,5 metre deňdir. Ýoluň hereket howpsuzlygy üçin demir barýerler we ýabany haýwanlaryň päsgelçiliginiň öňüni almak üçin ulag germewleri çekilendir. Ýolagçylar üçin döredilen awtoduralgalar, myhmanhana döwrebap hyzmatlar hödürlenilýän kafeteriýalar, söwda we iýmit nokatlary göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurduň ykdysady ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesine gönükdirilen tutumly işleriň mynasyp dowamyna öwrülen taryhy wakadyr.

Card image cap
Apr 09 2026
Türkmenistanyň IT bazarynda elkitap atly kitap okamak we audiokitap diňlemek hyzmaty peýda boldy

Kitaplary okamak we diňlemek üçin niýetlenen täze elkitap ykjam goşundysy, işe başlanyndan gysga wagtdan soň türkmen App Store goşundysynyň «Kitaplar» derejesinde birinji orna çykdy. Bu hyzmat elektron kitaplary we audiokitaplary bir interfeýsde birleşdirýär hem-de aýlyk 35 manatlyk abuna töleginiň esasynda hödürlenýär. Hyzmata tölegi goşundynyň özünden, şeýle hem ynamdar.com we wabrum.com internet dükanlarynyň üsti bilen paýlanýan sowgatlyk promokodlar arkaly geçirmek bolýar. Ony işläp düzüjiler ýönekeýlige aýratyn üns beripdirler: interfeýs ulanyjynyň birnäçe basyş bilen kitaby okamaga ýa-da diňlemäge başlamagyna mümkinçilik berýär. Elkitap hyzmatynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri AI Summary funksiýasydyr — emeli aň kitabyň esasy pikirlerini jemläp, 15–20 sahypalyk gysgaça mazmuny taýýarlaýar. Bu gural, esasanam, wagty çäkli bolup, edebi täzeliklerden habarly bolmak isleýän okyjylar üçin niýetlenendir. Mundan başga-da, goşundyda ulanyjylar üçin türkmen, türk, rus we iňlis dillerindäki elektron hem-de audiokitaplar elýeterlidir. Häzirki wagtda hyzmatyň kitaphanasynda 5000-den gowrak kitap bar we onuň katalogy her gün täze neşirler bilen baýlaşdyrylýar. Ulanyjylaryň amatly bolar ýaly «Kitap teklip etmek» funksiýasy hem göz öňünde tutulandyr. Eger gerek bolan eser heniz kitaphanada ýok bolsa, bu kitap barada ulanyjy göni goşundynyň içinde ýüz tutup biler, birnäçe sagadyň dowamynda bolsa soralan kitabyň goşulandygy barada habar alyp biler.

Card image cap
Apr 07 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda Bütindünýä saglyk gününiň jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamada aýratyn orun tutýandygyny, onuň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýandygyny belleýär. «Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy tutuş halkymyzy çäksiz buýsandyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň oňyn netijesidir» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlag hatynda aýratyn nygtaýar. Gutlag hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Card image cap
Mar 28 2026
Türkmenistan bilim ulgamynda halkara standartlaryna ygrarlylygyny görkezýär

Düýn Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim meseleleri boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini Türkmenistanyň bilim ulgamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Ol, aýratyn-da, bu işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär. Hususan-da, hanym Jannini ýurduň ÝUNESKO-nyň bilim ulgamyndaky halkara konwensiýalaryna goşulmak boýunça ädýän işjeň ädimlerini nygtady. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara standartlaryna ygrarlydygynyň we bilim ulgamynyň hukuk binýadynyň berkidilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle hem ol Türkmenistanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, şol sanda inklýuziw we ýokary hilli bilimi ösdürmekde, sanlaryşdyrmakda hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde gazanan uly üstünliklerini belledi. Döwrebap we bäsleşige ukyply bilim ulgamyny ösdürmekde özgertmeleri yzygiderli ilerletmekde we strategik ugruny üpjün etmekde ýurduň ýolbaşçylygynyň tutýan orny aýratyn nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we amaly gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Mundan ozal, Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşandygy barada habar beripdik.

Card image cap
Mar 26 2026
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Halkara olimpiada Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Ugandanyň we Pakistanyň jemi 63 sany ýokary okuw mekdebinden 877 talyp gatnaşdy. Ders bäsleşiginiň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň baş binasynda geçirilen açylyş dabarasy köp adamly boldy. Olimpiada bir tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa gatnaşyjylara derse degişli 6 mesele hödürlendi, olary çözmek üçin jemi 120 minut wagt berildi. Eminler gazanylan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijilerini kesgitlediler. Şeýlelikde, halkara olimpiadada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 106 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Daşary ýurtlularyň arasynda Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary öňe saýlandylar. Bäsleşige Hytaýdan 432 talyp gatnaşyp, olar 101 baýrakly orna eýe boldular. Ders bäsleşiginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary aýratyn tapawutlandylar.

Card image cap
Mar 21 2026
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutanynyň ýurdy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen bu giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de türkmen halkynyň asylly däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Dürli görnüşli bag nahalarynyň bu künjegiň toprak-howa şertleriniň nazara alnyp ekilmegi dag eteklerindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer. Bag ekmek dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentine tutuş ýurtda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy barada, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň baş şäherini abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini geçirmek, şeýle-de alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdiler. Şeýlelikde, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Card image cap
Mar 21 2026
Türkmenistanda Milli bahar baýramy uly ruhubelentlikde bellenilýär.

Şu gün türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary türkmen toýlaryna mahsus ýörelgeler bilen utgaşdy. Ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ajaýyp ýaýlada guralan dabaralara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Ajaýyp ýaýlada türkmen milli däp-dessurlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, türkmen milli tagamlarynyň taýýarlanmagy, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna uly orun berilmegi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy. «Nowruz ýaýlasynda» bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasynyň keşbi emele getirildi. Onda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş, maşgala bilen bagly parasatly däp-dessurlary, oba durmuşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň eserleri we senetleriň görnüşleri görkezildi. «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyrylan baýramçylyga bagyşlanylyp, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti hem geçirildi. Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar Gahryman Arkadagyň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäherinde, şeýle hem ýurduň ähli sebitlerinde-de giň gerime eýe boldy.

Card image cap
Mar 20 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny mukaddes Oraza baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny adamzadyň ahlak we ruhy tämizligini dünýä ýaýýan iň gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Oraza baýramyna bagyşlanan baý mazmunly çäreleriň Watanyň äleme ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkyň watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny has belende göterjekdigine berk ynam bildirdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Döwlet Baştutany Gutlagynda: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy giňden bellenilýän ýylda-da beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýynda parz hem-de wajyp ýörelgelerden ugur alnyp, agyz beklendi, tarawa namazlary okalyp, il-ýurduň asudalygy, abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi. Ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, döwrebap sanly tehnologiýalaryň, ekologik abadançylygyň we milli binagärligiň däpleri sazlaşykly utgaşýan ajaýyp Arkadag şäherinde, bagtyýar durmuş gaýnap joşýan şäherlerimizde hem-de obalarymyzda Oraza baýramy ruhubelentlikde giňden garşy alynýar. Merdana ata-babalarymyzdan gelýän we häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşýan asylly ýörelgelerimize eýerilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy üçin doga-dilegler edilýär. Munuň özi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda watansöýüjiligimiziň we ynsanperwerligimiziň, döwletliligimiziň, berkararlygymyzyň binýady bolan milli ýörelgelerimiziň, toýdur baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilip, jemgyýetimiziň has-da jebisleşýändigini hem-de galkynýandygyny tassyklaýar» diýip belledi. Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýap, berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, bagtyýarlyk, eziz Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde amal eden tagat-ybadatlarynyň, beren agzaçar sadakalarynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanyň berkararlygy, agzybirligi hem-de abadançylygy üçin eden doga-dilegleriniň Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny diledi.

Card image cap
Mar 17 2026
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny musulman dünýäsinde iň mukaddes hem-de ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň belent däplerini dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu mübärek gijäniň ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, eziz Watana bolan söýgini, agzybirligi we jebisligi has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynam bildirdi. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Gutlagynda: «Türkmen halkynyň şöhratly ýolunda kemala gelen hem-de watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik, ahlaklylyk, halallyk, dost-doganlyk, pespällik, sahylyk, päklik, asyllylyk, dogruçyllyk, ýagşylyk ýaly gymmatlyklar biziň milli bitewüligimiziň, ruhy dünýämiziň sarsmaz sütünleridir. Köpasyrlyk taryhy tejribä, ruhy we ahlak köklere daýanýan, täze döwrümiziň binýatlaýyn taglymatlaryna öwrülen bu gymmatlyklar mukaddes Oraza aýynda hem-de keremli Gadyr gijesinde has-da rowaçlanyp, agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, türkmen halky Gadyr gijesine mukaddesligiň, bereketliligiň we sahawatlylygyň gijesi hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Oraza aýynda, aýratyn-da, Gadyr gijesiniň hormatyna öten-geçenler ýagşylykda ýatlanyp, agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege hoş sözler aýdylyp, tarawa namazlary okalýar. Dünýäde abraýy barha belende galýan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygy, her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy üçin doga-dilegler edilýär» diýip belleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag hatynyň ahyrynda türkmen halkyny mukaddes Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.