dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Frankfurtda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi

Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Konsullygy (Maýn boýundaky Frankfurt ş.) tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä diplomatlar, işewürler toparynyň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda konsul M.Ozbekbaýew çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti hem-de ýurduň parahatçylyk döredijilik başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Çäräniň çäklerinde kitap sergisi guraldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly filosofiki eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä gatnaşyjylar bu neşirlere ýokary baha berip, olaryň Türkmenistanyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň halkara derejesinde wagyz edilmegindäki ähmiýetini bellediler.

Çäräniň ahyrynda myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: