dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Yslamabat şäherinde Halkara parlamentariler kongressiniň baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Halkara parlamentariler kongressiniň (IPC) Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen IPC-niň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy hökmünde parahatsöýüjilikli daşary syýasata we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlylygy, ýurduň dürli ugurlardaky mümkinçilikleri, iri ykdysady we infrastruktura taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň beýleki ýurtlaryň parlamentleri we halkara parlament guramalary bilen özara gatnaşyklary barada prezentasiýa görkezdi.Pakistan tarapy Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyna we ýurduň Mejlisiniň alyp barýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.Soňra, parlamentara gepleşikleri işjeňleşdirmek, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmak we häzirki döwrüň möhüm meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmäge ýardam bermek boýunça tagallalary utgaşdyrmak üçin bilelikdäki çäreleri, konferensiýalary we forumlary guramak ýaly hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ygrarlylygy tassykladylar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: