dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistan ŞHG bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek teklibini öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) agza ýurtlaryna gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek teklibini hödürledi. Bu barada TDH agentligi habar berýär. «Deňizüsti ýük daşamalar barada aýdylanda, biziň pikirimizçe, gämigurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ýerlikli bolardy. ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn» — diýlip, habarda nygtalýar. ŞHG-niň sammiti 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 1-nji sentýabryna çenli Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirildi. Oňa 20-den gowrak ýurtlaryň döwlet baştutanlary hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Sen 25 2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabadyň Atçylyk sport toplumyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyş derejesi bilen tanyşdy. Aşgabadyň Atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Atçylyk sport toplumynyň ähli çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologiýa derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde amala aşyrylan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, toý çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadag toplumyň ekologiýa ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk at çapyşyklary mynasybetli guralýan dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlaryň ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly senasyna öwrülmelidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadag toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi we çapuw ýodasynyň derejesi, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň seýisleriniň we atşynaslarynyň jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň derejesi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna hem bardy. Häzirki wagtda bu ýerde-de döwrebaplaşdyryş işleri dowam edýär. Gahryman Arkadag toplumda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.