dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Döwlet energetika institutynyň täze desgalary açyldy

1-nji sentýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara Mary welaýatynyň häkimi, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň wekilleri, institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar, hormatly ýaşulular gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär. Institutyň täze desgalarynyň gurluşygy Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy bar. Goşmaça okuw binasynda her biri 50 we 80 orunlyk umumy okuw otaglarynyň 18-si, 28 sany amaly okuw otagy, 6 kompýuter, 6 lingafon otagy, 57 sany okuw-tejribehana otagy ýerleşdirilendir. Bulardan başga-da, bu ýerde «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robot tehnikasy we emeli aň okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler jaýy, kiçi mejlisler jaýy, döredijilik merkezi hereket edýär. Tejribehanalardyr okuw otaglary dünýäniň iň kämil okuw enjamlary, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Tejribe otaglarynda ornaşdyrylan Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary elektroenergetika degişli okuwlary amaly şertlerde geçmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Jemi 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy 4 gatdan ybarat bolup, onuň her bir otagy 4 talyba niýetlenendir. Talyplaryň ýaşamaklary, dynç almaklary we okuwlara özbaşdak taýýarlanmaklary üçin bu ýerde ähli şertler döredilendir. 2 gatdan ybarat üsti ýapyk sport desgasynyň birinji gatynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport zaly, ikinji gatynda bolsa daşary ýurtlaryň enjamlary ornaşdyrylan türgenleşik zaly hereket edýär. Institutyň täze okuw binasyna ýanaşyk ýerdäki aýlawly ýoluň ugrunda gurlan monument toplumy «Täze kuwwat» diýlip atlandyrylýar. Ol kuwwaty 30 kilowata deň bolan ýel elektrik stansiýasyny we kuwwaty 15 kilowata deň bolan Gün elektrik stansiýasyny özünde jemleýär. Ýel we Gün elektrik beketleriniň öndürýän elektrik energiýasy binanyň töweregindäki yşyklandyryş ulgamy üçin sarp edilýär.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Sen 25 2025
Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabadyň Atçylyk sport toplumyna bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygyň şanly baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyş derejesi bilen tanyşdy. Aşgabadyň Atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Atçylyk sport toplumynyň ähli çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologiýa derejesine laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde amala aşyrylan işleriň derejesi bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, toý çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadag toplumyň ekologiýa ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri baýramçylyk at çapyşyklary mynasybetli guralýan dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlaryň ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly senasyna öwrülmelidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadag toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi we çapuw ýodasynyň derejesi, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň seýisleriniň we atşynaslarynyň jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň derejesi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna hem bardy. Häzirki wagtda bu ýerde-de döwrebaplaşdyryş işleri dowam edýär. Gahryman Arkadag toplumda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.