dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmen wekiliýeti YHG-nyň 17-nji sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammitine gatnaşýarrkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanda iş saparynda bolýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn türkmen wekiliýeti Azerbaýjanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Şeýle-de günüň ikinji ýarymynda daşary işler ministri R.Meredow wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Agdam şäherindäki «Imaret» taryhy-binagärlik toplumyna baryp gördi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Agdam şäheri Azerbaýjanyň günbatar böleginde, Garabag sebitinde ýerleşýär. 2021-nji ýyldan bäri, bu ýerde şäher infrastrukturasy işjeň dikeldilýär: täze mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary, döwlet edaralarynyň binalary gurulýar.

«Imaret» toplumynda Garabag hanlygynyň esaslandyryjysy Panah Alyhanyň köşgi we mawzoleýi ýerleşýär. 2024-nji ýylda toplum täzeden dikeldiş işleri we arheologik barlaglardan soňra açyldy.

Şeýle-de bu ýerde Garabag bedewleriniň seýilgähi hem-de interaktiw muzeý döredilipdir. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary toplumda döredilen şertler we abatlaýyş-dikeldiş işleri bilen tanyşdylar. Ýokary derejeli myhmanlar üçin Garabag sebitiniň baý medeniýetini we däp-dessurlaryny şöhlelendirýän, Garabag bedewleriniň gatnaşmagynda taýýarlanan «Zafer» («Ýeňiş») atly baýramçylyk çäreleriniň ajaýyp çykyşlary görkezildi.Şu gün — 4-nji iýulda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammiti geçirilýär. Sammitde gurama agza ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.