dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 16 2026
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasy açyldy

Şu gün Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagyndaky wekiliýetiň hem-de türkmen tarapynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebiniň çäklerinde Lu Ban ussahanasynyň açylmagy degişli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin uly ähmiýetli okuw-önümçilik merkezine öwrüler. Bu taslamany amala aşyrmak üçin uly işler durmuşa geçirildi. Dabara gatnaşyjy myhmanlar Lu Ban ussahanasynyň birinji biologiýa tejribehanasy hem-de birinji maglumat-tehnologiýalar otagy bilen tanyşdylar. Hytaýly hünärmenler Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň biologiýa tejribehanasynyň häzirki zaman barlaghana enjamlary we maglumat-tehnologiýalarynyň sanly serişdeleri boýunça uniwersitetiň professor-mugallymlary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Şeýle-de okuwlaryň çäklerinde amaly sapaklar geçirilip, täze enjamlar bilen işlemek, olaryň tehniki mümkinçiliklerini doly peýdalanmak boýunça hünär başarnyklary kämilleşdirildi. Ussahanada gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň biologiýasy we gözlegi, maglumat ugurlary hem-de tehnologiýalary bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar. Şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiriler.