dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda üç günläp dowam edýän Gurban baýramy bellenilip başlanýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi. Türkmen metbugatynda çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

«Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän belent ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, agzybirlikde ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyz mukaddes Gurban baýramyny milli däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda giňden belleýär. Ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu baýramyň şanyna üç günüň dowamynda welaýatlarymyzyň merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda, dünýäniň iň owadan şäherlerine öwrülen Aşgabadyň we Arkadagyň seýilgählerinde, medeni merkezlerinde, teatrlarynda şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrýan baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri uly dabaralar bilen geçirilýär. Toý günlerinde her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, Ýer ýüzündäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, bagtyýar durmuşymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin gurbanlyk sadakalary berlip, aýat-töwir okalýar, ýagşy dilegler edilýär.

Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek, namaz okamak, oraza tutmak ýaly mukaddes borçlaryny hem-de parz amallaryny göwnejaý berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda hem yslam dünýäsiniň merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde tagat-ybadatlaryny, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesini Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberdik. Bu işleriň ählisi adamzat taryhynyň bütin dowamynda parahatçylyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýeren halkymyzyň gadymyýetden gelýän, durmuş kadalaryna esaslanýan hem-de häzirki eýýamyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan medeni mirasymyza, ýokary ruhy gymmatlyklarymyza we asylly däplerimize üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen nesilleriň hem-de döwürleriň arasyndaky üznüksizligi üpjün edýän, halkymyzyň dünýägaraýşyna düýpli ornaşan hem-de ynsanperwerligi, agzybirligi, haýyr-sahawatlylygy, ak ýürekliligi, lebzihalallygy, zähmetsöýerligi, ruhy we ahlak arassalygyny dabaralandyrýan durmuş ýörelgelerimiz, milli gymmatlyklarymyz halklary baglanyşdyrýan we doganlaşdyrýan köprä öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Milli Liderimiziň bu ýoluny mynasyp dowam etdirip, uzak geljegi nazarlaýan hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan özgertmeleri amala aşyrýarys. Milli maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarys. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrýarys. Her bir ynsanyň ruhy dünýäsine oňyn täsir edýän we mertebesini beýgeldýän gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeldýäris. Parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasatymyz arkaly dünýäniň halklary, milletleri, ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrýarys. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň esasynda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu asylly işler eziz halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarymyzy we beýik medeniýetimizi dünýä giňden tanadýar.

Hormatly adamlar!

Sizi Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde abraýy barha belende galýan ata Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglygyny, uzak ömür, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.