dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistan tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi artdyrmaga taýýar

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý bilen energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda çykyş edýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde aýtdy.

"Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň üçin oňyn şertler bar diýip hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, biz türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Elektroenergetika hem energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär" diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bellemegine görä, söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orny eýeleýär.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti 17-nji iýunda Astanada geçirildi, birinji sammit bolsa 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi. Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, HHR-iň Başlygy Si Szinpin we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Iýl 07 2025
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi iki sany Ro-Ro görnüşli gämileri we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň we bir sany gury ýük daşaýan gämisiniň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.   Mundan başga-da, “Balkan” zawodynda gämileriň gurulmagy täze iş orunlarynyň açylmagyna, şeýle hem, türkmen inženerleriniň we işçileriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna we pudagyň mundan beýläk-de ösmegi üçin şertleri döreder. Bu bäsleşik barada giňişleýin maglumaty aşakda görkezilen salgylardan alyp bilersiňiz: