dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy

Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi barada

Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi döwlet edarasy bolup, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň tabynlygyna degişlidir. Mekdep hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýär.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň garamagynda bolup, deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde bu pudaga we beýleki halk hojalygyna degişli hünärmenleri taýýarlaýar, ýagny bilim ojagy hökmünde bu ýerde häzirki wagtda aşakdaky hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Dowamyny oka

Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Okt 23 2026
«Türkmennebit» Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde maýadarlar üçin şertleri mälim etdi

«Türkmennebit» döwlet konserni daşary ýurt kompaniýalarynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge gatnaşmagynyň şertleri barada maglumat berdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatda we sergide konserniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, Hazar deňziniň milli bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ýurduň nebit pudagyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda amala aşyrylýar. Bu kanun nebit işlerini geçirmekde we önümi paýlaşmak hakynda şertnamalary baglaşmakda daşary ýurt maýadarlarynyň hukuklaryny kepillendirýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi 30-dan gowrak ygtyýarnama meýdançasyna bölünýär. Gyzyklanma bildirýän maýadar bir ýa-da birnäçe meýdança boýunça «Türkmennebit» döwlet konsernine resmi ýüz tutup biler. Ýüz tutma seredilenden soň, konserniň hünärmenleri kompaniýanyň bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyklasalar, ol saýlanan meýdança boýunça göni, eksklýuziw häsiýete eýe bolmadyk gepleşiklere gatnaşmaga çagyrylýar. Gepleşikler üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda taraplar önümi paýlaşmak hakynda şertnama ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan başga bir şertnama baglaşýarlar. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamadan başga-da, kanun roýalti we salgyt tölemek şertleri bilen konsessiýa şertnamasyny, bilelikdäki iş alyp barmak hakyndaky şertnamany, şeýle hem töwekgelçilikli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmaga mümkinçilik berýär. Batyr Jumaýewiň düşündirmegine görä, kanunçylyk bu şertnamalaryň dürli görnüşlerini utgaşdyrmaga, şeýle-de halkara tejribesinde ulanylýan beýleki şertnamalardan peýdalanmaga ýol açýar. Ol maýadarlar üçin döredilen birnäçe kepilliklere aýratyn ünsi çekdi. «Ilki bilen, bu diňe bir görnüşli salgydy — peýda salgydyny we tebigy serişdelerden peýdalanmak hukugy üçin iki-üç görnüşli tölegi göz öňünde tutýan ýönekeýleşdirilen ýeňillikli salgyt ulgamydyr» — diýip, konserniň başlygynyň orunbasary belledi. Şunda maýadarlar beýleki hökmany töleglerden, ýygymlardan we paçlardan boşadylýar. Nebit işlerini geçirmek üçin getirilýän we daşary çykarylýan harytlaryň, materiallaryň hem-de enjamlaryň üpjünçiligi boýunça baglaşylýan şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige aldyrmak talap edilmeýär. Potratçy enjamlar we materiallar import edilende ýa-da eksport edilende alynýan gümrük paçlaryndan we ýygymlaryndan, şol sanda öz paýyna düşýän gazylyp alnan uglewodorodlaryň möçberine degişli paçlardan boşadylýar. Bu ýeňillikler kömekçi potratçylara hem degişlidir. Mundan başga-da, maýadar uglewodorodlaryň öz paýyna düşýän bölegine erkin ygtyýar edip biler. Şol sanda nebiti goşmaça salgytlar, ygtyýarnamalar we rugsatnamalar bolmazdan nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda gaýtadan işlemäge hem hukugy bardyr. Batyr Jumaýewiň habar bermegine görä, deňiz ýalpaklygynda önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalaryň çäklerinde konsern «Dragon Oil», «Petronas» we «ADNOC» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2026-njy ýylyň iýun aýynda 19-njy we 20-nji bloklar boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama «Türkmennebit» döwlet konserni, Malaýziýanyň «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasy tarapyndan gol çekilip baglaşyldy. Mundan başga-da, «Petronas Carigali» bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, geologiýa-gözleg işleri başlandy. Häzirki wagtda 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda iki ölçegli (2D) seýsmiki barlaglar geçirilýär. Çykyş edýäniň sözlerine görä, bu ädimler Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatyna ygrarlydygyny we ýurduň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini tassyklaýar. Çykyşynyň ahyrynda Batyr Jumaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň halkara kompaniýalar bilen «deňhukuklylyk we özara bähbitlilik şertlerinde» gepleşik geçirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Card image cap
Okt 22 2026
Talyplaryň arasynda «Bilermenler» zehin bäsleşigi geçiriler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: sebit durnuklylygynyň we abadançylygynyň girewi» ady bilen «Bilermenler» zehin bäsleşigini yglan edýär. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Bu çäre Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň hukuk esaslarynyň mazmunyny hem-de halkara hukugy baradaky bilimleri ýaşlaryň arasynda ýaýratmak maksady bilen guralýar. Bäsleşige ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk öwreniş hünärinden beýleki ugurlarda bilim alýan talyplary gatnaşyp bilerler. Düzgünnama laýyklykda, bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden bir topar gatnaşyp bilýär. Toparyň düzümi 6 sany esasy, 2 sany ätiýaçdaky talypdan ybarat bolmalydyr. Zehin bäsleşigi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetinde geçiriler. Giňişleýin maglumatlary uniwersitetiň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

Card image cap
Okt 21 2026
TNGIZT-de 40,6 müň tonna polipropilen sarp edijilere ugradyldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümleri taýýarlanylýar. Döwrebap kärhanada 2026-njy ýylyň geçen dokuz aýynda polipropileniň 40 müň 617 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Kärhana boýunça ýylyň diňe geçen sentýabr aýynda 1 müň 610 tonna polipropilen zireleri öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Önümçilik kuwwaty bir ýylda 90 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bolan desgada oturdylan enjamlaryň ählisi dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde işleriň ählisi awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylyp, öndürilýän önümiň hiline we berkligine aýratyn üns berilýär. Ýokary hilli polipropilen önümine daşarky bazarlar bilen birlikde, içerki bazarlarda hem isleg barha ýokarlanýar. Bu islegli önümi satyn alýanlaryň agramly böleginiň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarydyr.

604

Talyp

40

Mugallym

13

Ugur

Bildirişler

Ähli bildirişler
Card image cap
Maý 23 2026
Menzilleri aýdyň, ýollary ak bolsun!

Şu dabaraly günlerde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhyna laýyklykda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde nobatdaky uçurymlara hünär dünýasine ugratmak dabarasy uly ruhybelentlik bilen geçirildi. Mawy şäheriň iň görnükli bilim ojaklarynyň biri bolan bu mekdepde geçirilen çäre ýaşlaryň durmuşynda iň ýatda galyjy taryhy günleriň birine öwrüldi. Dabara dabaraly we şowhunly ýagdaýda başlandy mekdebiň howlusy baýramçylyk lybasyna bürenip, aýdym-sazlar we gutlag sözleri belentden ýaňlandy dabara diňe bir uçurymlar we mugallymlar däl, eýsem talyplaryň ata-eneleri hem gatnaşdy. Uçurymlar özleriniň ak we mawy reňkli deňizçilik lybaslarynda nyzama durup, Watana, halka we saýlap alan hünärlerine bolan wepalylygyny görkezdiler. Çärede çykyş eden bilim ojagynyň ýolbaşçylary we halypa mugallymlar ýaş hünärmenleriň gaty jogapkärli, şeýle-de gaty merdana käriň eýeleri bolup ýetişendiklerini buýsanç bilen bellediler. Ýaşlara:

Card image cap
Apr 20 2026
Wagyz-nesihat işleri geçirildi.

"Garașsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyñ mekany" ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt- ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryñ sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öñde goýlan wezipeler, seýle hem ýaşlaryň arasynda türkmeniñ döwIetlilik ýörelgelerini, milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, sagdyn-durmuş yörelgelerini, maşgala gymmatlygyny giñden wagyz etmek maksady bilen Zenanlar guramasynyñ Turkmenbaşy şaher birleşmesi bilen bilelikde Türkmenbaşy şaherindäki Deñizçilik orta hünär okuw mekdebiniñ talyp gelin-gyzlarynyñ gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Card image cap
Apr 02 2026
Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy: Awazada talyplaryň joşgunly sport baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, aprel aýynyň ýurdumyzda Saglyk aýy diýlip yglan edilmegi ýaş nesilleriň ruhuny belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynyň 02-sine Hazar deňziniň merjen dänesi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda sport çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyplaryň aýratyn işjeňligi we buýsançly çykyşlary hemmeleriň ünsüni çekdi. Sport çäresi ir bilen deňiz kenarynyň tämiz howasynda köpçülikleýin maşklar bilen başlandy. Talyplar öz halypa mugallymlary bilen bilelikde, sazlaşykly saz astynda bedeni taplaýan döwrebap gimnastik maşklary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Ýaşlaryň her bir hereketinde sagdyn durmuş ýörelgesine bolan söýgi we öz mekdebine bolan guwanç duýuldy. Bedenterbiýe maşklaryndan soňra, çäräniň iň täsirli pursady bolan welosiped ýörişine badalga berildi. Awazanyň gözel binalarynyň ýanyndan geçýän ýodalarda talyplar uly joşgun bilen welosiped sürdüler. Bu ýöriş diňe bir sport çäresi däl, eýsem ýaşlaryň agzybirliginiň we sagdyn geljege bolan ynamynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Gatnaşyjylaryň ýüzlerindäki şatlyk we kalplaryndaky buýsanç çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy bilen utgaşan bu ajaýyp gün, talyplar üçin hakyky bagtyýarlyk baýramy boldy. Şeýle döwrebap şertleri we bagtyýar ýaşlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza mugallymlaryň we talyplaryň minnetdarlygy çäksizdir.

Makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.

Card image cap
Okt 19 2026
Sanly Bilim — Ösüşiň Ygtybarly Binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrylýar hem-de halkara standartlaryna laýyk getirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işine innowasion tehnologiýalaryň, emeli aňyň we öňdebaryjy sanly gurallaryň ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Okuw otaglarynyň döwrebap multimedia enjamlary, interaktiw tagtalar we ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün edilmegi okatmagyň mazmunyny düýpli baýlaşdyrýar. Bu özgertmeler ýaş nesillere dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap ylym-bilim bermäge, olaryň ukyplaryny barlamaga we zehinlerini irki döwürlerden ýüze çykarmaga giň ýol açýar. Häzirki wagtda emeli aň tehnologiýalary her bir okuwçynyň maglumaty özleşdiriş tizligine we gyzyklanma ugruna görä şahsy okuw meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär. Şahsyýete ýöneldilen bu döwrebap çemeleşme okatmagyň hilesini we elýeterliligini ýokarlandurmak bilen bir hatarda, mugallymlaryň gündelik hasabatlylyk işlerini awtomatlaşdyrmaga hem-de olaryň ünsüni bütinleý döredijilikli pedagogik gözleglere gönükdirmäge ýardam edýär. Şeýle hem, hünärment we orta hünär mekteplerinde 3D modelirleme hem-de CAD (Kompüter goldawly dizaýn) programmalarynyň amalyýete girizilmegi talyplaryň giňişlik oýlanmasyny we inženerçilik ukyplaryny ösdürýär. Ýaşlar real önümçilik enjamlary bilen işlemezden ozal, sanly gurşawda çyzgylar we taslamalar döretmegi öwrenýärler, bu bolsa geljekki hünärlerinde zähmet howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Munuň bilen bir hatarda, bilim ojaklarynda web tehnologiýalarynyň we kodlaşdyrmagyň esaslarynyň öwredilmegi okuwçylarda algoritmik we logiki oýlanmany kemala getirýär. Ýaş nesil diňe bir taýýar maglumaty sarp ediji bolman, eýsem özbaşdak sanly önümleri, internet sahypalaryny we programmalaýyn taslamalary döretmegi başarýan, geljekki sanly ykdysadyýetiň işjeň hereketlendiriji güýçlerine öwrülýärler. Multimedia serişdeleri, interaktiw çemeleşmeler we oýunlaşdyrylan okuw usullary bolsa okuwçylaryň derslere bolan ylmy höwesini has-da artdyrýar hem-de dersleri gyzykly özleşdirmäge şert döredýär. Görnüşi ýaly, innowasiýalar we milli terbiýe bilen utgaşdyrylan döwrebap bilim ulgamy ýaşlaryň bilesigelijiligini artdyryp, olaryň Watanymyzyň ykdysady, ylmy we senagat ösüşlerine saldamly goşant goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine şert döredýär. Döwletimiziň alyp barýan ylym-bilim syýasaty tehnologiýany ylym öwrenmegiň iň täsirli guralyna öwürmek arkaly, ýurdumyzyň kuwwatyny we ýagty geljegini ynamly üpjün edýär. Metbugat stilini, resmi adalgalary we grammatikany doly saklap, makalanyň rus we iňlis dillerindäki iň dogry hem-de kämil terjimesini taýýarladym. Gazyet ýa-da žurnalda çap etmek üçin doly taýýar görnüşdedir.