dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Menzilleri aýdyň, ýollary ak bolsun!

Şu dabaraly günlerde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhyna laýyklykda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde nobatdaky uçurymlara hünär dünýasine ugratmak dabarasy uly ruhybelentlik bilen geçirildi. Mawy şäheriň iň görnükli bilim ojaklarynyň biri bolan bu mekdepde geçirilen çäre ýaşlaryň durmuşynda iň ýatda galyjy taryhy günleriň birine öwrüldi. Dabara dabaraly we şowhunly ýagdaýda başlandy mekdebiň howlusy baýramçylyk lybasyna bürenip, aýdym-sazlar we gutlag sözleri belentden ýaňlandy dabara diňe bir uçurymlar we mugallymlar däl, eýsem okuwçylaryň ata-eneleri hem gatnaşdy. Uçurymlar özleriniň ak we mawy reňkli deňizçilik lybaslarynda nyzama durup, Watana, halka we saýlap alan hünärlerine bolan wepalylygyny görkezdiler. Çärede çykyş eden bilim ojagynyň ýolbaşçylary we halypa mugallymlar ýaş hünärmenleriň gaty jogapkärli, şeýle-de gaty merdana käriň eýeleri bolup ýetişendiklerini buýsanç bilen bellediler. Ýaşlara:

- Gämi dolandyrmakda gural we tehnika doly düşünmegi;

- Ulag ulgamynda gämi gurluşygy we abatlaýyş işlerinde täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmagy;

- Hazar deňiziniň hem-de halkara suw ulaglarynyň iň kämil hünärmenleri bolmagy, şeýle-de ýollarynyň ak bolmagy arzuw edildi.

         Dabaranyň ahyrynda okuwy iň gowy bahalar bilen tamamlan uçurymlara hormat haty gowşuryldy. Ýaş zehinleriň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga aýratyn öwüşgin gatdy. Deňizçilik orta hünär okuw mekdebini tamamlan bu ýaşlar indi Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitjek uly güýçdir. Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bu dabaraly çäre ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, döwrebap hünärleri eýelemegi we Watanyň wepaly perzentleri bolup ýetişmegi ugrunda edilýän çäksiz aladalaryň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, deňiz we derýa ulaglary ulgamyny ösdürmäge, Hazar deňziniň asuda kenarynda halkara ülňülere laýyk gelýän şertleri döretmäge berýän ünsi-aladalary üçin uçurymlar, olaryň ata-eneleri hem-de bütin mugallymlar düzümi Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

Beýleki bildirişler

Ähli bildirişler
Card image cap
Apr 02 2026
Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy: Awazada talyplaryň joşgunly sport baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, aprel aýynyň ýurdumyzda Saglyk aýy diýlip yglan edilmegi ýaş nesilleriň ruhuny belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynyň 02-sine Hazar deňziniň merjen dänesi bolan Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda sport çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyplaryň aýratyn işjeňligi we buýsançly çykyşlary hemmeleriň ünsüni çekdi. Sport çäresi ir bilen deňiz kenarynyň tämiz howasynda köpçülikleýin maşklar bilen başlandy. Talyplar öz halypa mugallymlary bilen bilelikde, sazlaşykly saz astynda bedeni taplaýan döwrebap gimnastik maşklary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Ýaşlaryň her bir hereketinde sagdyn durmuş ýörelgesine bolan söýgi we öz mekdebine bolan guwanç duýuldy. Bedenterbiýe maşklaryndan soňra, çäräniň iň täsirli pursady bolan welosiped ýörişine badalga berildi. Awazanyň gözel binalarynyň ýanyndan geçýän ýodalarda talyplar uly joşgun bilen welosiped sürdüler. Bu ýöriş diňe bir sport çäresi däl, eýsem ýaşlaryň agzybirliginiň we sagdyn geljege bolan ynamynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Gatnaşyjylaryň ýüzlerindäki şatlyk we kalplaryndaky buýsanç çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy bilen utgaşan bu ajaýyp gün, talyplar üçin hakyky bagtyýarlyk baýramy boldy. Şeýle döwrebap şertleri we bagtyýar ýaşlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza mugallymlaryň we talyplaryň minnetdarlygy çäksizdir.

Card image cap
Apr 01 2026
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň 25-nji martynda “Açyk gapylar” güni geçirildi.

Bu geçirilen çärede okuw mekdebimizde bilim almaga isleg bildirýän ýaşlarymyza okuw mekdebimiziň ähli mümkinçiliklerini açyp görkezjek gezelençler, görelde sapaklary, zehin bäsleşikleri, ähli hünärler boýunça taslamalar we sergiler gurnaldy. Talyplarymyzyň görkezýän taslamalarynda diňe bir tehnika däl, eýsem uly bir medeni dowamat ýatyr. Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde deňiz bilen dost bolan, Hazaryň kenarynda uly siwilizasiýalary guran halkdyr. Talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalary jemgyýetiň häzirki zaman meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Meselem, deňiz portunyň ekologiýasy ýa-da ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi baradaky ylmy gözlegler. Bu diňe bir mekdep çäklerinde däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin wajyp meselelerdir. Talyplar öz taslamalarynda “Men jemgyýete nähili peýda getirip bilerin” diýen soraga jogap berýärler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýaşlar syýasatynyň – döredijilikli we işjeň nesili kemala getirmek maksadynyň netijesidir. “Açyk gapylar” gününe gelen her bir ýaş ýürek biziň taryhymyzy we gelejegimizi baglanyşdyrýan täze bir güýçdir. Biz ýaşlara şeýle giň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilim ýoly hemişe aýdyň bolsun.