dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi barada

Maksady

Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi döwlet edarasy bolup, Türkmenistanyň "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň tabynlygyna degişlidir. Mekdep hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýär.

Türkmenistanyň "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň garamagynda bolup, deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde bu pudaga we beýleki halk hojalygyna degişli hünärmenleri taýýarlaýar, ýagny bilim ojagy hökmünde bu ýerde häzirki wagtda aşakdaky hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Taryhy

Ilkinji başlangyç hünär okuw mekdebi 1948 ýylyň Aprel aýynyň 4-ne No7 hünärmen uçilişesi diýlip döredilen hem-de dürli at we belgi bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň garamagyndaky hünär bilimini berýän mekdep bolup hereket edip gelipdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.08.1997 ý 3281 belgili Kararyna we “Türkmendeňizýollary” müdirliginiň 21.10.1997ý 263/4 belgili buýrugy bilen No12 liseý Türkmendeňizýollary” müdirliginiň garamagyna geçirilen hem-de “Türkmendeňizýollary” müdirliginiň 29.08.2001 ýyldaky 79/n belgili buýrugy bilen 1-nji hünärment mekdebi diýlip ady üýtgedilen. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky 13718 belgili “Ýurdumyzda orta hünär okuw mekdeplerini döretmek hakynda” karary esasynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň deňizçilik orta hünär okuw mekdebi döredildi.

Uçurymlar

Häzirki wagta çenli Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi boýunça 2421 uçurym okuwlaryny doly tamamlap, şolardan 1484 uçurym işe ýerleşen. Şeýle-de, Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde başlangyç bilim maksatnamalaryna laýyklykda 10 aýlyk hünär okuwlarynda 463 okuwçy okaýar. Olar bilen medeni, sport, terbiýeçilik işleri doly ýola goýulýar.

Mümkinçilikler

Mekdebiň çäginde talyplaryň okuw terbiýeçilik, ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek üçin 100 talyba golaý niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýy, 26 sany okuw otagy, 2 sany kompýuter otagy , mejlisler otagy, sport meýdançasy, sport otagy, naharhana bar, 3-nji gatyň bir bölegi Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag komunikasiýalary institutynyň Türkmenbaşy şäherindäki suw-ulaglar bölümine tölegsiz ulanmaga berilen.

Goşmaça

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watanymyzyň geljegi bolan berk bedenli, sagdyn ruhly we çuňňur bilimli ýaş nesli kemala getirmek, olara bildirilýän bilimiň hil derejesiniň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini gazanmak babatda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, maksada okgunly, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen mekdebimizde täze multimediýa tagtalarynyň we innowasion tehnologiýalaryň birnäçesi ornaşdyryldy, kompýuter otaglar internet ulgamyna birikdirildi. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasaty baradaky edýän çuňňur aladalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen mekdebimizde diňe bir bilimiň hilini ýokarlandyrmak meselesine ünsi güýçlendirmek bilen çäklenmän, medeni, sport, terbiýeçilik işleri doly ýola goýulýar.