«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ähli ulgamlarda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler ýurduň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan beýik özgertmeleri, mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplygy, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek, türkmen edebiýatyny iri göwrümli eserler bilen baýlaşdyrmak, milli sungaty has-da ösdürmek maksady Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Bu barada «Edebiýat we sungat» gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda:
1. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmeli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlaryny hem gatnaşdyrmaly.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini şu ugurlar boýunça kesgitlemeli:
1) iň gowy goşgular we poemalar;
2) iň gowy makalalar we oçerkler;
3) iň gowy hekaýalar, terjimeler, powestler we romanlar;
4) iň gowy kitaplar, neşir önümleri we dizaýn-bezeg işleri;
5) iň gowy teleradiogepleşikler toplumy;
6) iň gowy kinofilmler, sahna oýunlary we çykyşlary;
7) iň gowy tans, halk döredijiligi we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary;
8) aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy;
9) sazandanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy;
10) iň gowy aýdym-saz eserleri;
11) medeni-köpçülik çärelerini ýokary derejede guramak;
12) iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleri, fotosuratlar, senetçilik we taslama-bezeg işleri;
13) iň gowy halylar, haly önümleri we keçeler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlemeli.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýokary derejede geçirilmegini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy üpjün etmeli.
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşigini yglan etmeli.
«Çalsana, bagşy!» bäsleşigini 2026-njy ýylyň awgust aýynda, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlemeli.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň hem-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýokary derejede geçirilmegini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri üpjün etmeli.
4. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini yglan etmeli we ony 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda jemlemeli.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýokary derejede geçirilmegini Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi üpjün etmeli.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigini geçirmek bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmeli.
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýragyny we altyn zynjyryny, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň hem-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryny, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary gowşurmaly.
6. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň hem-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileriniň we dabara gatnaşjak medeniýet we sungat ussatlarynyň ýol, iýmit, ýaşaýyş bilen bagly çykdajylaryny degişlilikde býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň býujet serişdeleriniň, hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem bäsleşikleriň jemlerini jemlemek mynasybetli geçiriljek baýramçylyk konsertleriniň sahna bezeglerini gurnamak we taýýarlamak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmeli.
7. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça topar döretmeli we onuň düzümini tassyklamaly (goşulýar).
8. Türkmenistanyň Merkezi banky şu kararda görkezilen maksatlar üçin pul baýraklaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan bermeli.
9. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Medeniýet ministri, Türkmenistanyň Bilim ministri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.