dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Gahryman Arkadag guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde öňde boljak wekilçilikli forumyň guramaçylyk derejesi boýunça degişli wezipeler kesgitlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada aýdyp, forumyň we onuň çäginde guraljak halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň söwda merkezlerinde dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk harytlaryň, ýadygärlik nyşanlarynyň söwdasynyň guralmagynyň wajypdygy, şeýle hem guraljak çäreleriň milli myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyk gelmelidigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mynasyp şöhlelendirilmelidigini, daşary ýurtly žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, internet we aragatnaşyk ulgamynyň ýokary derejeli mümkinçilikleri bilen üpjün edilmelidigini belledi. Halkara çärelere meýletinçi we terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlygyna ýokary derejede, hemmetaraplaýyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Mundan başga-da, Gahryman Arkadag ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag düzüminiň kadaly bolmagyna ünsüň güýçlendirilmelidigini nygtady.

Mejlisiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.