Brýusselde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi
Brýussel şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Kabul edişligi Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy gurady. Oňa Ýewropa institutlarynyň, Belgiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, ilçiler, diplomatlar, jemgyýetçilik işgärleri we medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada ilçihana habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Garaşsyz türkmen döwletiniň berk binýady, şeýle-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň möhüm guraly bolandygyny belledi. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen üç gezek ykrar edilen we Konstitusiýada berkidilen dünýäde ýeke-täk döwletdigini nygtady.
Diplomat Bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galýandygyny belledi. Ol sebitleri birleşdirmäge we Ýewropa, Merkezi Aziýa we Günorta Aziýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze köprülerini gurmaga mümkinçilik berýär.
«Institute for Economics and Peace» guramasynyň Ýewropa we Ýakyn Gündogar bölüminiň direktory Serž Strubans çykyşynda durnuklyly ösüşe maýa goýmagyň ähmiýetini belläp, parahatçylygyň anyk ykdysady we sosial çözgütler arkaly döreýändigini nygtady. Ol TOPH we TOP ýaly taslamalaryň bilelikdäki ösüş üçin binýat döredýändigini, uzakmöhletleýin durnuklylyga ýardam berýändigini, şeýle-de sebitiň döwletleriniň arasyndaky özara baglanyşygy berkitmäge kömek edýändigini aýtdy.
«Diplomatic World» guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrih çykyşynda guramasynyň türkmen diplomatik wekilligi bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyny nygtady.
Dabaranyň dowamynda türkmen lybaslary tanyşdyryldy, şeýle-de myhmanlara milli tagamlar hödür edildi.