9 aýda türkmen-gazak söwda dolanyşygy 360 million dollardan geçdi
2025-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 363,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,4 göterim ýokarydyr. Maglumat üçin, 2024-nji ýylda türkmen-gazak söwda dolanyşygy 555,7 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Bu barada Kazinform habar berýär.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň gazak bazaryna eksporty 141,9 million amerikan dollaryna deň boldy. Goňşy ýurtdan Türkmenistana import edilen harytlaryň umumy bahasy bolsa 221,7 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň Gazagystana eksportynyň esasy bölegi oba hojalyk, dokma önümleri we himiýa serişdeleridir. Gazagystanyň eksportynyň esasy bölegini telefonlar we elektorika enjamlary, un, günebakar ýagy we metal önümleri düzýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet sapary başlanýar.