dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk hatyny ýolladylar

Azerbaýjanyň Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary öz şäherlerinde metjit gurmak başlangyjyny öňe sürüp, onuň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşandygy üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk hatyny ýolladylar.

Azerbaýjanyň «APA.az» habarlar portalynyň habar bermegine görä, hatda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

«Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Azerbaýjan we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda ösen çuňňur taryhy, medeni, dil we dini ýörelgeler iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ygtybarly binýadyna öwrüldi. Bu berk binýadyň üstünde gurlan dostluk we doganlyk gatnaşyklarymyz Siziň Alyhezretiňiziň ynsanperwer başlangyçlary netijesinde has-da täze derejelere göterildi.

Siziň Alyhezretiňiziň hormatly adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň rehimdarlyk, mähirlilik we ynsanperwerlik ýaly iň ýokary ahlak gymmatlyklaryny saklap galmak bilen, dostlukly hem-de doganlyk halklarymyzyň arasyndaky ruhy köpri wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýändigini buýsanç bilen bellemek gerek.

Gaznanyň asylly işleriniň iň aýdyň mysallarynyň biri Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurmak baradaky başlangyçdyr. Biz bu başlangyjy uly kanagatlanma we çuňňur hoşallyk duýgusy bilen kabul etdik. Siziň bu ynsanperwer ädimiňiz Garabagyň ösüşine gymmatly goşant, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, dini hem-de ruhy raýdaşlygyň, ynsanperwer ýörelgeleriň we özara ynamyň aýdyň beýanydyr.

7-nji oktýabrda Gabala şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde geçirilen Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasy taryhy ähmiýete eýe boldy. Bu başlangyç türki dünýäniň umumy gymmatlyklaryna, yslam medeniýetine we gadymy topragymyza goýulýan ýokary sarpanyň, belent adamkärçiligiň nusgasydyr.

Siziň Türki Döwletleriň Guramasynyň, şeýle hem Guramanyň Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde öňdengörüjilikli we paýhasly teklipleriňiz türki dünýäniň bitewüligi, jebisligi we ösüşi üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Siziň başlangyçlaryňyza türki dünýäde ýokary baha berilýändigini hem bellemek isleýäris.

Siziň Alyhezretiňiziň 2025-nji ýylyň iýul aýynda Azerbaýjana saparyňyz, şol sanda Şuşadaky Göwhar Aga metjidine baryp görmegiňiz we türkmen halkynyň adyndan şehitlerimizi hatyralap eden doga-dilegleriňiz halkymyz tarapyndan doganlygyň, ruhy gymmatlyklara wepalylygyň we taryhy mirasa hormat goýmagyň aýdyň mysaly hökmünde uly hormat bilen kabul edildi.

Siziň Alyhezretiňiziň başlangyjy bilen Fizuli we Arkadag şäherleriniň dogalaşan şäherler hökmünde yglan edilmeginiň iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we has-da güýçlenmegine täze itergi berjekdigine ynanýarys.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň yzygiderli üns-aladaňyz we ruhy goldawyňyz Fizuliniň ýaşaýjylary tarapyndan ýokary kanagatlanma bilen kabul edildi. Munuň özi bizde her pursatda çuňňur hoşallyk duýgusyny döredýär. Şeýle sahawatly iş sebitimiziň ruhy durmuşyna täze güýç, ynam we umyt getirýär. Bu asylly başlangyjyňyz minnetdar azerbaýjan halkynyň ýadynda doganlygymyzyň we jebisligimiziň nusgasy hökmünde ebedi galar.

Biz, Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Siziň Alyhezretiňiziň gatnaşmagynda we ak pata bermegiňizde Fizuli şäherinde gurluşygyna girişilen metjidiň açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Täze metjit azerbaýjan-türkmen dost-doganlygynyň ruhy nyşanyna öwrüler.

Fuziliniň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan uly ünsüňiz we aladaňyz üçin, Size ýene-de bir gezek çuňňur hoşallyk bildirmek isleýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür we türkmen halkynyň bähbidi üçin alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris! Goý, Beýik Biribar doganlyk Türkmenistana we onuň halkyna gülläp ösüş, parahatçylyk, abadançylyk we yzygiderli ösüş bersin!

 Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýmak bilen,

Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary».

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Azerbaýjanyň iň gadymy şäherleriniň biri hasaplanýan Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammiti geçirildi. Sammitiň yzysüre, wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözläp, Fizuli şäherinde guruljak metjidiň türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruljak bu metjidiň gurluşygyny «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy ýerine ýetirýär.