Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 108,6 göterim ösüş gazanyldy
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2025-nji ýylyň geçen on aýynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Bu döwürde benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim boldy. Şeýle hem polipropilen, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmekde ýokary netijeler gazanyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda zawodlar toplumynda gazturbinaly elektrik bekediniň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak we durkuny täzelemek işleri Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Netijede, bu ýerde 2 sany täze gazturbina desgasyny gurmak arkaly desganyň kuwwatlylygy 196,4 megawat sagada çenli artdyryldy. Şeýle hem kuwwatly toplumdaky 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek işleri hytaýly hünärmenleriň gatnaşmagynda amala aşyryldy.
2025-nji ýylda zawodlar toplumynyň Kenar toplaýyş-ýükleýiş nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasy gurlup işe girizildi. Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen zawodlar toplumynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan täze desganyň ýyllyk kuwwaty nebit önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti we nebit önümlerini düşürmek boýunça bolsa 1 million 150 müň tonna deňdir.
Gäzirki wagtda zawodlar toplumynda zähmet çekýän işgärleriniň ýaşaýyş, durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Türkmenbaşy şäherinde 4 sany, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.