dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglandy

Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» («Oliy Darajali Do'stlik») ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, özbek Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow bu belent sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Ýeri gelende, şu ýylyň aprelinde Özbegistana amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem «Oliy Darajali Do'stlik» ordeni bilen sylaglanandygyny nygtamak gerek.