Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryny ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletlerini hyzmatdaşlygyň ulag düzümini işjeňleşdirmäge we Gündogar–Günbatar hem-de Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmäge çagyryp, çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
«Häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Ykdysady, maýa goýum işjeňliginiň Gündogar we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara geçýändigini nazara almak bilen, sebitimiziň bu ornunyň barha artjakdygy mälimdir» — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, sebit ýurtlary hyzmatdaşlygyň ulag düzümini düýpli işjeňleşdirmelidir. «Biziň ýurtlarymyza ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Munuň üçin Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn» — diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti «döwrebap, köp şahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdyr» diýip, ynam bildirdi.