dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Özbegistana bardy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna bardy.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary ugratdylar diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Daşkentiň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygyň we strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Köpasyrlyk taryhyň, medeniýetiň, diliň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşýan iki doganlyk halk häzirki wagtda has-da ýakynlaşýarlar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejedäki duşuşyklara gatnaşar, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar.

Mälim bolşy ýaly, Özbegistan bilen diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy. Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly dialogy ösdürmek bilen syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnamalaýyn hukuk binýady döredildi.