Dünýä ummanyndaky tankerlerde milliard barrele golaý nebit toplandy
Deňizlerde we ummanlarda awgustdan bäri 1 milliard barrel çemesi nebit toplandy. Bu barada «Vortexa», «Kpler» we «OilX» kompaniýalarynyň maglumatlaryna salgylanýan «Bloomberg» habar berdi.
Habarda nebitiň bu möçberleriniň agramly böleginiň sanksiýa girizilen ýurtlara degişlidigi aýdylýar. Ýagny onuň 20-den 40 göterime golaýy Russiýadan, Eýrandan we Wenesueladan ýangyja degişlidir.
«Bloomberg» neşiri şeýle-de tankerlerde sanksiýa girizilmedik ýurtlaryň hasabyna hem «gara altynyň» köp mukdarda toplanýandygyny belleýär, şunda gürrüň, esasan, bu gymmat çig malyň önümçiligini hem-de eksportyny artdyrýan Saud Arabystany barada barýar.