dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Talyplaryň arasynda IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi. Oňa 33 döwletiň 100-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 500-den gowrak talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Halkara ders bäsleşiginde populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy, adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri, senagat ekologiýasy, ekologik monitoring, ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlar hödürlendi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Olimpiada gatnaşan talyplaryň işleri ýörite programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan utuklaryň jemi boýunça netijeler jemlendi. Oňa laýyklykda, iň ýokary netijeleri gazanan 20 talyba birinji orun berildi. Şolaryň 15-si ýurdumyzyň, 3-si Russiýanyň, galanlary hem Gazagystanyň we Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlardyr. Şunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Sähet Saryýew, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby Maksatgeldi Baýatgurbanow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Nargül Seýitliýewa we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Merdan Rejepdurdyýew iň ýokary görkezijileri bilen ýeňijileriň sanawynda öňdäki orunlary eýelediler.

Baýrakly ikinji orna mynasyp bolan 39 talybyň 18-si Türkmenistanda bilim alýan ýaşlardyr. Şeýle hem ders bäsleşigine gatnaşanlaryň 59-sy üçünji orna mynasyp görüldi. Şolaryň 35-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeperiniň talyplarydyr.

Mundan başga-da, ady agzalan uniwersitetde ýurduň ýokary okuw mekdeplerinden 70-e golaý talybyň gatnaşmagynda «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy taslamalaryň bäsleşigi geçirildi. Onda ýaşlaryň agro we azyk senagatyna, täze önümçilik ugurlaryna degişli ylmy oýlap tapyşlaryna baha berildi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Medet Mäterow «Narpyz we tozga ösümliklerinden taýýarlanylan dermanlyk serişde» atly ylmy taslamasy bilen bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Merjen Kürenowa «Ýyladyşhanalar we ösümlikler üçin innowasion görnüşli arassalaýjy serişde taýýarlamak» atly işi hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa «Galkynyş» gaz käniniň kükürdinden boýag serişdelerini alyp, kükürdiň ekologiýa edýän zyýanly täsirini aýyrmak» atly ylmy taslamasy bilen bäsleşikde birinji orna mynasyp boldular.