Aşgabatda rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiýniň ýadygärligi hormat bilen ýatlanyldy
Aşgabatda beýik rus ýazyjysy Fýodor Dostoýewskiýniň doglan gününiň 204 ýyllygy mynasybetli onuň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Çäre Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy we täze döredilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda geçirildi.
Dabaraly çärede Russiýanyň ilçihanasynyň işgärleri, A.S. Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem Belarusyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasyny, Palestinanyň we beýleki ýurtlaryň ilçihanalaryndan diplomatlar gatnaşdylar.
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin öz çykyşynda Dostoýewskiýniň Türkmenistandaky ilkinji ýadygärliginiň geçen ýyl hut şu toplumda, meşhur şahyr-ýazyjylaryň seýilbagynda açylandygyny belledi. «Bu ýere goýlan ýadygärlikler halklaryň arasyndaky dostlugy, doganlygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alamatlandyrýar. Bu bolsa bu ýere ady dakylan beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň çagyryşlaryna laýyk gelýär» — diýip, ilçiniň çykyşynda nygtaldy.
Wolynkin türkmen tarapynyň Fýodor Dostoýewskiý üçin ýadygärlik gurmak baradaky kararynyň rus edebiýatynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň ykrar edilýändigini görkezýändigini aýtdy.
Russiýanyň diplomaty Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Dostoýewskiýniň ýadygärligini ebedileşdirmek baradaky karara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.