dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
«Derýaýollary» AGPJ-niň maddy-enjamlaýyn binýady berkidiler

Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu işleriň çäklerinde gämileri abatlamaga we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli senagaty döwrebap enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutup, milli deňiz we derýa ulaglary ulgamynyň ösüşine, gämigurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň kämilleşdirilmegine, ýurduň senagat kuwwatynyň artmagyna uly goşant bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň milli deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.