Esenguluda gije-gündizde 20 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynda desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasy geçirildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.
Soňra dabarany alypbaryjy döwlet Baştutanyndan sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna başlamaga rugsat bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.
Agyz suwuny arassalaýjy desganyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirýän çykyşy sanly ulgam arkaly monitorda görkezildi.
Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň hünärmeni A.Arbadow sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentinden agyz suwuny arassalaýjy desgany işe girizmäge ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ak pata berensoň, Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň hünärmeni A.Arbadowyň düwmä basmagy bilen, desganyň işe girizilendigini aňladýan animasiýa, wideoşekiller görkezildi.