Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodynyň düýbi tutuldy
Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna mineral dökün öndürýän täze karbamid zawodynyň düýbüniň tutulyş dabarasy geçirildi. Ony «Mitsubishi» (Ýaponiýa) we döwlet eýeçiligindäki «Gap Inşaat» (Türkiýe) kompaniýasy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni gurar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhammedow ýurduň sebitleriniň ösüşine aýratyn üns berýär. Bu Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady özgerişinde hem aýdyň görünýär. Karbamid eksporta gönükdirilen önüm hökmünde bellidir we importyň ornuny tutýar. Bu barada dabarada çykyş edenler belläp geçdiler.
Täze zawodyň işe girizilmegi goşmaça iş orunlaryny döreder. Bu ýerli ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak meselesini çözmekde uly ähmiýete eýedir.