dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Garabogazköl aýlagynyň üstünde gurlan 354 metrlik köpri ulanmaga berildi

Şu gün Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylmagyna hem ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsinde Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, döwlet Baştutanyndan awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ak pata berensoň, hormatly ýaşulular täze awtomobil köprüsinde toý bagyny kesdiler.

Täze köpriniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirýän çykyşlary sanly ulgam arkaly görkezildi.

Soňra Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň işe girizilendigini aňladýan we ol barada maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşyk işlerini türkmen gurluşykçylary bilen birlikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi.

Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metre, ini bolsa 21 metre deňdir.