BMG-niň Baş Assambleýasynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama kabul edildi
14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabatynda bu baradaky hoş habary aýtdy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, 46 halkara guramadan wekiliýetler sapar bilen geldiler. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli «tegelek stol» duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si hem-de ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi.
Halkara maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentini hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyny bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny hem-de BMG-den gelip gowşan hoş habaryň hem muny aýdyň görkezýändigini belledi.
Döwlet Baştutany mejlisde Hökümet agzalaryny gelip gowşan bu hoş habar bilen gutlady.