dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ulag we ammar logistikasynda innowasion tehnologiýany ulanmak

Logistikany awtomatlaşdyrmak, logistika amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin kompýuter programma üpjünçiligini ýa-da awtomatlaşdyrylan mehanizmleri ulanmakdyr. Adatça, awtomatlaşdyrmak ammar işlerini  hem-de  üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak ulgamlary we kärhananyň meýilleşdiriş ulgamlary dolandyrmak amallaryna degişli bolup durýar. Ulag logistikasynyň awtomatlaşdyrylmagynyň, ony durmuşa geçirýän programmalaryň, ýüküň ýitgisini hasaplamaga, deňagramlylygy gözegçilikde saklamaga, ulag bilen ýangyjyň sarp edilişini hasaplamaga, netijeleri kesgitlenen kadalar bilen deňeşdirmäge mümkinçilik berýändigi göz öňünde tutulmalydyr. Ulag kompaniýalaryny awtomatlaşdyrýan programma üpjünçiligi önümleri, kärhananyň dolanşygynyň beýleki ugurlardan yza galýan nokatlaryny anyklap,  kesgitläp kärhanada alnyp barylýan işleriň netijeliligini seljermeklige mümkinçilik berýär.   häzirki döwürde logistika amallaryny awtomatlaşdyrmaklygyň täze innowasion ugurlary gözlenilýar we sýlanylýar.

Ulag we ammmar logistikasynda häziki zaman tehnologiýalaryň biri hem elektron maglumat alyş-çalşygy (Electronic Data Interchange (EDI)). Elektron maglumat alyş-çalşygy (Electronic Data Interchange (EDI)) - elektron resminamalary dolandyrmak, üpjün ediji bilen alyjynyň arasynda maglumat alyş-çalşygy, kompaniýalaryň häzirki zaman ammar işlerinde ulanylýan tehnologiýalaryň iň möhümi hasaplanylýar.  EDI tehnologiýasy, umumy maglumat formatyny ulanyp, iki kompýuter ulgamynyň arasynda zerur resminamalary alyşmaga mümkinçilik berýär.  Maglumat alyşmak tehnologiýasy köplenç resminamalaryň bäş görnüşini geçirmek we alyş-çalyş etmek üçin ulanylýar. Birinji görnüş, sargyt edijiden, üpjün edijä alnan sargyt (sargytlar), iberilmeli harytlaryň sanawyny, harytlary ibermek üçin zerur atlary, mukdary, önümleri we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýar. Bu resminama esaslanyp, aşakdakylar döredilýär - zerur harytlaryň iberiljekdigini sargyt edijä habar berip, haryt ibermegiň hakyky mümkinçiligini tassyklaýan buýruga (orders) jogap. Indiki resminama, düwmä basylanda döredilen iberiş habarnamasy ýagny, ýüküň ýüklenendigini habar berýär (desadv). Eltip bermek habarnamasynda hasap-faktura belgisi bar. Ondan soň, harytlar iberilenden, sargyt edijä getirilenden we kabul edilenden soň indiki resminama döredilýär - hakykatda kabul edilen harytlaryň sanawyny görkezýän çek (kwitansiýa (recadv)). Bu resminama esaslanyp, geleşigi tamamlaýan iň soňky resminama döerdilýär  – uniwersal geçiriji resminama UTD.   Bu resminama elektron gol çekilenden soň kanuny güýje eýe bolan ähliumumy geçiriş resminamasy bolup durýar. Ondan soň, EDI zynjyryndaky gowşuryş amallary ýapyk hasaplanýar. EDI köplenç täsirli ammar dolandyryş ulgamyna (WMS - Ammar dolandyryş ulgamy) birleşdirilýär. Elektron maglumat alyş-çalşygynyň esasy peýdasy, iki ýa-da ondan-da köp  kompýuter ulgamynyň arasyndaky maglumatlaryň rahat we aýdyň akymydyr.  Ammar logistikasy pudagynda innowasiýalaryň ýene bir mysaly, fantastiki romanlaryň bir bölegi bolmakdan ýüz öwüren we hakykata öwrülen pilotsyz uçarlary ulanmakdyr. Kompaniýalar awtomatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmaga çalyşýarlar, şonuň üçin dronlar dürli ýurtlaryň ammarlarynda peýda bolup başlady. Pilotsyz uçarlaryň esasy wezipelerinden biri ştrih-kodlary skanirlemek we şonuň üçin adam zähmetiniň sagadynyň köp tygşytlanmagy bolup durýar. Bu esasan  ammarlarda has köp gatly tektelažlar ulanylanda ýüze çykýar,   şol sebäpli adamyň ştrih-kodlaryna baryp bilmek mümkinçiligi çäklenýär. Netijede  göteriji mehanizmlerini ulanmaly we köp sanly işgärleri işe çekmeli bolýar. Barlaglaryň netijesinde el bilen skanerlemek we forkliftler bilen enjamlaşdyrylan 90 adamlyk ekipažy ulanmak ýerine ýetirilýän işe sarp edilýän wagt iki ýarym esse azaldygyny görkezdi.  UVL Robotics pilotsyz enjamlar, işgärleriň wagtyny has netijeli ulanmaga mümkinçilik berýän haryt paletlerine gözegçilik etmek we sanamak üçin üstünlikli ulanylýan dronlaryň biri hasaplanylýar . Pilotsyz uçarlar bu meseläni adamlara garanyňda birnäçe esse çalt ýerine ýetirýärler: 10–12 sagadyň dowamynda maşynlar 30-40 müň palet sanamagy başarýarlar. Pilotsyz, adatça ammar hatarynyň iki tarapyny bir wagtda barlaýan iki wideo kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu ýagdaýda skaner, her paletiň öňünde durman, iş bökdençligini ýüze çykarman amala aşyrylýar. Ähli maglumatlar barada hasabat döredýär. Dronyň bateriýasyny çalyşmaklyga operator bary-ýogy bir minudyny sarp edýär. Adam pilotsyz uçary dolandyrmaýar - pilotsyz uçuş ammar ýerinde howpsuzlygy kepillendirýän ýörite maşyn görmek datçikleri arkaly amala aşyrylýar: ulgamda pilotsyz uçarlaryň päsgelçilikleri görmegine we mundan beýläk uçuş barada karar kabul etmegine mümkinçilik berýän algoritmler bar, ýöne islendik ýagdaýda pilotsyz uçaryň 15 sm-den golaý harytlara  ýakynlaşmagyna ýol bermeýär, şonuň üçin ähli ammar enjamlary we harytlary doly howpsuz ýagdaýda bolýar.

Mugallym  Aýsyluw Atagurbanowa

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Iýn 02 2026
Hazar döwlet goraghanasynyň biologik dürlüligi

Tutuşlygyna alanyňda Hazar deňziniň biologik dürlüligi ösümlikleriň we haýwanlaryň 1814 görnüşden ybaratdyr, deňziň bize degişli böleginde olaryň 900-den gowrak görnüşi bar we olar, biröýjükli suwotulordan başlap ýokary derejeli ösümliklere çenli we kökaýajyklylardan, foraminiferlerden, günjümeklerden sapajyklylardan (žgutiklilerden) guşlara hem süýdemdirjilere çenli 50 sany taksonomiki birliklerden ybaratdyr. Olaryň ep-esli bölegi endemiklerdir we bu babatda Hazar deňzi saýýarymyzyň (planetamyzyň) iň täsin, deňsiz-taýsyz suw ýataklarynyň biridir. Hazar döwlet goraghanasynyň (HDG) biologik dürlüligi özünde görnüşleriň has-da boldugy bilen tapawutlanýar, sebäbi onuň düzümine diňe bir deňziň suw giňişlikleri däl-de, eýsem çäginde ösümlikleriň hem ýerüsti haýwanlaryň baý toparlary mesgen tutan käbir süýji suw ýataklary we gury ýeriň ep-esli meýdanlary hem girýär. Agzalan toparlaryň görnüş düzümi hem dürli-dürli we olaryň ençemesi wajyp biologik resurslardyr. Goraghananyň oňurgaly haýwanlarynyň iň köp sanlysy 19 otrýada degişli bolan, 311 görnüşden ybarat guşlar klasydyr. Deňziň bize degişli bolan böleginiň kenarlarynda dünýäde iň möhümleriniň biri hasaplanylýan Merkezi-Aziýa we Gündogar-Aziýa göçüş ýollary birigýärler. HDG-niň meýdanynyň Lastaýaklylar otrýadynyň ýeke-täk wekili, endemik, kaspi düwleniniň (Phoca caspica) ýaşamagy üçin uly ähmiýeti bar. HDG-niň biodürlüligi: oňurgaly haýwanlar-429g.ş; balyklar-48g.ş; ýerde-suwda ýaşaýanlar-2g.ş; süýrenjiler-26g.ş; süýdemdirjiler-42g.ş. olaryň birnäçesi Türkmenistanyň gyzyl kitabyna girizilen. Goraghanada ösümlikleriň 660 görnüşi, şol sanda pes derejeli ösümlikleriň (kömelekler, mohlar, lişaýnikler) 30-a golaý görnüşi we 9 sany sebit endemiklerini hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen 5 görnüş hem goşanynda, gülli ösümlikleriň 528 görnüşi bar. Goraghananyň ýalpak suwly kenarýaka zolagynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürlüligi, biomassasy ýüzlerçe müň tonna ýetýän baý iýmit binýadyny üpjün edýär we uçup geçýän we gyşlaýan suw-batgalyk hem suwda ýüzýän guşlaryň köp mukdaryny Hazar goraghanasyna çekýär. Şu günki günlerde HDG-niň diýseň ba biodürliligini aýap saklamak üçin, ilatyň aýry-aýry toparlary bilen bilelikde ýa-da olaryň gatnaşmagyna tebigy baýlyklary peýdalanmaga alternatiw çemeleşilmegini üpjün etmek maksady bilen şol baýlyklary dolandyrmagyň täze şekilleriniň döredilmegi zerurdyr. Seýrek we endemik haýwanlaryň ýaşaýan mesgenlerini guramaçylykly syýahatlaryň, ýörişleriň geçirilmegi, ýerli jemgyýet toparlaryna-soobşestwolara ol haýwanlary promysel üçin ulanylandakydan has köp girdeji berip biler. Biodürliligiň köp obýekteleriniň (haýwanlarynyň we ösümlikleriň) gözellik babatdaky gymmaty, olaryň iýmit hökmündäki bazar nyrhyndan has ýokarydyr.

Card image cap
Apr 03 2026
Ulag serişdelerinde iýmit kärhanalaryny gurnamaklygyň aýratynlyklary.

Ulag serişdelerinde iýmit kärhanalaryny gurnamaklygyň aýratynlyklary köpugurly bolup, olar esasan çäklendirilen giňişlik, hereketlilik we ýokary howpsuzlyk talaplary bilen kesgitlenilýär. Adaty jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryndan tapawutlylykda, gämilerde, otlularda we uçarlarda aşhana bölümini taslamak inženerçilik we tehnologik taýdan düýpli çemeleşmäni talap edýär. Ilkinji nobatda, bu ýerde her bir kwadrat metr meýdan tygşytly ulanylmalydyr, sebäbi ulag serişdesiniň göwrümi hemişe çäklidir. Şol sebäpli aşhana enjamlary kompakt, köp funksiýaly we ergonomik bolmalydyr; meselem, birnäçe amaly ýerine ýetirýän parokonwektomatlar ýa-da uniwersal aşhana maşynlary giňden ulanylýar. Şeýle hem, ulagyň hereket wagtynda ýüze çykýan yrgyldylar, sarsgynlar ýagdaýlary sebäpli ähli enjamlar we mebeller pola ýa-da diwarlara berkidilýär, tekjelerde bolsa gap-gaçlaryň gaçmazlygy üçin ýörite saklaýjy gyralar gurnalýar. Otlularda iýmit kärhanalaryny gurnamak we olara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, häzirki zaman demir ýol ulgamynda ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ugurda esasy aýratynlyk dar we uzyn wagon giňişliginde maksimal netijeliligi gazanmakdan ybaratdyr. Wagon-restoranlaryň gurluşynda ilki bilen "howpsuzlyk we durnuklylyk" prinsipi öňe sürülýär. Otlynyň hemişelik yrgyldysy we tormozlanma wagtyndaky sarsgynlary sebäpli, aşhana enjamlary — plitalar, sowadyjylar we iş stollary — diňe bir polatdan ýasalman, eýsem wagonynyň korpusyna berk berkidilýär. Aşhana gap-gaçlarynyň we taýýar önümleriň gozganmazlygy üçin magnitli tutawaçlar hem-de ýörite çykaryp bolýan saklaýjy bortikler ulanylýar. Şeýle-de, otlularda suw üpjünçiligi we elektrik energiýasy çäklidir, şol sebäpli energiýany tygşytlaýjy we suwy gaýtadan ulanmazdan arassalaýjy öňdebaryjy ulgamlar gurnalmalydyr.  Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa iýmitiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda hyzmatyň tizligini hem artdyrýar. Häzirki wagtda dünýä tejribesinde "Cook & Chill" (Bişir we sowat) tehnologiýasy giňden ulanylýar. Bu usulda iýmit ýerde, ýöriteleşdirilen uly aşhanalarda taýýarlanyp, şok görnüşinde sowadylýar we wagonlara ýüklenilýär. Wagonyň içinde bolsa innowasion "Sous-vide" ýa-da ýokary tizlikli induksiýa peçleri arkaly tagamyň witaminlerini we tagamyny ýitirmezden gysga wagtda gyzdyrylýar. Sanly tehnologiýalar hem bu pudaga işjeň girýär: ýolagçylar indi öz orunlarynda oturan ýerinden mobil goşundylar ýa-da QR-kodlar arkaly menýuny görüp, onlaýn sargyt edip bilýärler. Bu bolsa wagon-restorandaky dykyzlygy azaldýar we ofisiantlaryň işini awtomatlaşdyrýar. Şeýle-de, ekologik innowasiýalar çäginde iýmit galyndylaryny gaýtadan işleýän biokompaktorlar we plastik gaplaryň deregine ulanylýan biodegradirlenýän (tebigatda çalt ereýän) gap-gaçlar ornaşdyrylýar. Akylly sowadyjy ulgamlar bolsa önümleriň saklanyş möhledine sanly gözegçilik edip, isripçiligiň öňüni alýar. Bularyň hemmesi demir ýol transportynda iýmitlenmegi diňe bir fiziki zerurlyk däl, eýsem sanly we ekologik taýdan arassa ýokary hilli hyzmata öwürýär. Tehnologik prosesleriň guralyşy hem ulagyň görnüşine we saparyň dowamlylygyna görä üýtgeýär. Uly ýolagçy gämilerinde doly önümçilik sikli ýola goýulýan bolsa, uçarlarda we gysga aralyga gatnaýan otlularda esasan taýýar iýmitleri gyzytmak (catering) usuly ulanylýar. Bu bolsa azyk önümleriniň saklanyşyny we logistikasyny has-da kynlaşdyrýar. Uzak möhletli saparlarda önümleriň hilini saklamak üçin ýörite sowadyjy kameralar we ammar bölümleri ulanylýar, bu ýerde temperaturanyň we çyglylygyň hemişelik gözegçilikde saklanmagy zerurdyr. Azyk gorlary sapara çykmazdan öň ýolagçylaryň sanyna we dowamlylygyna görä anyk hasaplanmalydyr, sebäbi hereket wagtynda goşmaça üpjünçilik mümkinçiligi çäklidir. Sanitariýa we epidemiologik howpsuzlyk ulag iýmit kärhanalarynyň iň möhüm tarapydyr. Ýapyk we dar giňişlikde islendik ýokanç keseliň ýa-da zäherlenmäniň ýüze çykmagy ekipažyň we ýolagçylaryň saglygyna, hatda ulagyň dolandyrylyşyna hem uly wehim salyp biler. Şonuň üçin suw üpjünçiligi üçin ýöriteleşdirilen süzgüçler, iýmit galyndylaryny ýygnamak we zyňmak üçin bolsa pressleýji hem-de dezinfeksiýa ediji ulgamlar ulanylýar. Deňiz ulagynda MARPOL ýaly halkara konwensiýalaryň talaplaryna laýyklykda, galyndylaryň dolandyrylyşy berk düzgünleşdirilendir. Ýangyn howpsuzlygy hem aýratyn üns merkezinde bolup, dar aşhanalarda açyk otuň ulanylmagyndan gaça durulýar we esasan elektrik ýa-da induksiýa plitalaryna ileri tutulýar. Netijede, ulag serişdelerinde iýmit hyzmatyny gurnamak diňe bir tagam taýýarlamak däl-de, eýsem çäklendirilen şertlerde logistikanyň, inženerçilik çözgütleriniň we hyzmat ediş medeniýetiniň sazlaşykly işini üpjün etmekdir. Ýolagçylaryň psihologik ýagdaýyna we rahatlygyna göni täsir edýän menýu köpdürlüligi, iýmitiň ýokumlylygy we hyzmat edişiň çaltlygy ulag kärhanasynyň bäsdeşlik ukybyny we abraýyny kesgitleýän esasy faktorlardyr. Bu ulgamda her bir detal — önümiň saklanyşyndan başlap, galyndynyň zyňylmagyna çenli — halkara standartlara we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmelidir.