dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Bilim işinde sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri.

Ýurdumyzyň durnukly ösmeginiň, Watanymyzyň barha kuwwatlanmagynyň hatyrasyna ýaşlaryň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual derejesini kemala getirmek häzirki döwrüň möhüm aýratynlygydyr diýip aýtdy. Bu aýratynlyk ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bilelikde, onuň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylmagy bilen şertlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly serişdeleriň ornaşdyrylmagy, döwrebap bilim portalynyň herekete girizilmegi bilim işgärleriniň mümkinçiliklerini üzül-kesil artdyrdy. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň maksatlarynyň bilim edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilmeginiň, olaryň ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün edilmeginiň, täze tehnologiýalardan peýdalanylmagynyň, bilim berlişiniň hiliniň talap edilýän derejesine ýetirilmeginiň esaslary 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” arkaly dolandyrylýar. Bu Konsepsiýa ýurdumyzda (kesgitlenen ugur boýunça) maglumat – bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmäge, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly bilim ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Konsepsiýa – bu eziz Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder. Konsepsiýada göz öňünde tutulýan esasy wezipeler: - sanly bilim ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny ösdürmek; - bilim edaralaryň tehnologiki ulgamyny ösdürmek hem-de bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okaýanlar‚ mugallymçylyk işgärler üçin sanly bilm gorlarynyň üpjünçiligini ýokarlandyrmak; - ýokary hilli bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek hem-de bilim bermegiň dowamynda sanly bilim serişdelerini, şol sanda elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary ulanmak; - uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny ulanmak; - maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary ösdürmegiň esasynda bilimiň hilini ýokarlandyrmak; - elektron bilim ulgamynda işgärleri taýýarlamak. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly okaýanlarda bilimleri almaga, üznüksiz özbaşdak bilim almaga höweslenmäni ösdürmek. Häzirki zaman jemgyýet soňky onýyllykda maglumat jemgyýetine öwrülip, ýokary depginde hereketli häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa maglumatlara we hyzmatlara elýeterliligiň ulanyjylar üçin, olaryň nirede we haçan bolýandygyna garamazdan, hemişelik esasda üpjün edilýändigini aňladýar. Şeýle hereketliligi üpjün etmek üçin kompýuter enjamlarynyň täze görnüşleri (smartfonlar, planşetler we ş.m.), şeýle hem maglumat gorlary we hyzmatlary bilen işleşmegiň täze tehnologiýalary (“bulutlaýyn” tehnologiýalar) peýda boldy. Mekdep okuwçysy, talyp üçin bilim edaralarynda hem, öýde hem, olar ýoldaka hem elektron bilim gorlary we hyzmatlar elýeterli bolmalydyr. Bu ýagdaý bilim işine gatnaşýanlaryň beýlekilerine-de – ata-enelere, mugallymçylyk işgärlere, bilim ulgamynyň dürli derejeleriniň ýolbaşçylaryna-da degişlidir. Bilim gurşawynyň her bir gatnaşyjysynyň hereketliligi täze maglumat jemgyýetinde sanly bilimiň esasyny düzer. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze, döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Bu Konsepsiýa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda teleköpri arkaly okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.

Häzirki wagtda durmuşymyzy kompýutersiz, öýjükli aragatnaşyksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde Diýarymyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşmegi örän uly ähmiýete eýedir. Gubadag etrabynyň orta mekdeplerinde ýörite bilim bölümi tarapyndan sanly bilim ulgamynyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Elektron maglumat gorunyň üstüni täze maglumatlar bilen ýetirmek işi yzygiderli dowam etdirilip, mekdep meýilnamalarynyň elektron görnüşi döredilýär. Mugallymlara özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döredilip, okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär.Mähriban Watanymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça-da uly işler ýokary depginde amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, elektron ulgama geçmek bolsa, ilkinji nobatda, bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegini talap edýär. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, ilatyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna oňyn täsir edýär.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ýeten belent sepgitleri netijesinde, bilim edaralarynyň işi täze röwüşlere eýe bolýar. Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde ýaş nesle berilýän bilim we terbiýe hem çuňlaşdyrylýar.Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri terbiýeçileriň we mugallymlaryň sapaklaryny döwrebap guramagynda, döredijilikli zähmet çekmeginde örän uly ähmiýete eýe bolýar. Innowasion tehnologiýalar esasynda bilim bermegiň hili ýokary derejä eýe bolup, ýaş nesliň çagalykdan başlap, kompýuter tehnologiýalaryna erk edip bilmek başarnyklaryny artdyrdy. Olar elektron kitaplaryň döredilmegi we barha giň gerim bilen ýaýramagy netijesinde, özbaşdak islendik ýerde, islendik wagtda okamak mümkinçiliklerine eýe boldular. Bu bolsa ýaş nesliň döwrüň talabyna laýyklykda kemala gelmegine, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine güýçli itergi berýär.

        Sanly bilim ulgamyny yzygiderli ösdürip, ýaşlary belent maksatlara ýetmeklige ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç bolsun!

Mugallym G.Annalyýewa

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 26 2026
Türkmenistanyň köpugurly ykdysadyýeti we onuň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goragynyň ösüşinde tutýan orny.

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.

Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.