dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
SANLY BILIM ULGAMY — DÖWRÜŇ TALABY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär.

Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýdalanýar. Elbetde, jemgyýetimiziň umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy üçin döwrebap şertleriň döredilmegi täze mümkinçilikleri we çemeleşmeleri ýüze çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, dünýä ylmynyň gazananlaryndan habarly, bilimli nesliň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň esasynda sanly bilim ulgamyna doly geçilmegi, okatmagyň innowasion usullary bilen utgaşdyrylyp, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okuw işinde uzak aralykdan berilýän bilimiň täze tehnologiýalaryny ulanmak Konsepsiýanyň esasy wezipeleridir. Şonuň bilen birlikde-de, bu resminama tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda bilim edaralaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär. Bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykylmagyny üpjün edýär.

Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi bilim edaralaryny ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edip, ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda bilim bermegiň döwrebap usullarynyň biri bolan uzak aralykdan bilim almak görnüşiniň raýatlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini aýratyn bellemek gerek. Bularyň hemmesi, öz gezeginde, sanly maglumat jemgyýetindäki durmuşa uýgunlaşan şahsyýetiň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.

Sanly bilim ulgamy döwrüň talabydyr. «Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar» diýip, Arkadagly Serdarymyz nygtaýar. Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanylmagy esasynda milli bilimiň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, ykdysady taýdan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyrmagyna şert döredýär.

Sanly bilim ulgamlarynda tehniki goldawy bermegiň ýene bir usuly, edara taýdan goldaw programmalaryny guramakdyr. Bu programmalarda hünärmenler we bilim işgärleri, ulanyjylara olaryň ýüzbe-ýüz ýüze gelen tehniki meselelerini çözmekde kömek edip bilerler. Hünärmenleriň öz işlerini ödenmek arkaly amala aşyrmagy, ulanyjylara olaryň soraglaryna has çalt we netijeli jogap bermek üçin mümkinçilik döredýär

Sanly bilim ulgamlarynyň ösüşi bilen baglylykda, käbir ulgamlaryň we altynlardaky döredilen täze mümkinçilikleriň günsaýyn özgerýändigi nygtalyp geçilmeli. Meselem, maşyn öwrenişi, sun’iy intellekt we big data analizleri ulanyjylaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçün netijeli usullardyr. Bu tehnologiýalar arkaly ulanyjylara öz mümkinçiliklerini has gowy peýdalanmaga we problemleri çalt we netijeli çözmäge kömek edilýär.

Sanly bilim ulgamlaryna tehniki taýdan goldaw bermek, şol ulgamlarda özleşdirilen maglumatlary aňlatmak we ulanyjylaryň şahsy ösüşini üpjün etmek üçin möhümdir. Online öýjükler, goldaw programmalary we teklip edilýän täze tehnologiýalar arkaly, ulanyjylaryň bilim almakda we tejribe gazanmakda has netijeli ýagdaýda iş alyp barmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede, sanly bilim ulgamlarynda tehniki goldaw bermegiň möhüm aýratynlyklary jemgyýetiň ösüşine, şahsyýetiň üstünliklerine we döwrebap bilim ulgamynyň güýçlenmegine ýol açýar.             Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Mugallym: Orazsahadowa A.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 26 2026
Türkmenistanyň köpugurly ykdysadyýeti we onuň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goragynyň ösüşinde tutýan orny.

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.

Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.