Himiki maddalaryň daş töwerege edýän täsirleri.
Himiki maddalaryň daş töwerege edýän täsirleri şu aşakdakylar ýaly görnüşde esaslandyrylýar:
1. Antropogen täsirleriň netijesinde ýüze çykýan soraglaryň düýbüni tutujy umumy ekologiýanyň esaslary.
2. Atmosferadaky, gidrosferadaky we litosferadaky bolup geçýän esasy hapalaýjy komponentleriň himiki posesleri.
3. Monitoringiň dürli sredalaryndaky hapalanmalaryň kompleksleýin analizi we barlaglaryň soraglary.
4. Ýapyk sistemany guramagyň düzgünleri.
5. Howanyň hapalanmagy we bu hapalanmalar bilen baglanyşykly esasy meseleler, suw toplumlarynyň radioaktiw we organiki hapalanmalary bilen hapalanmagy ( pestisidler, plastmassalar, ÝAM we ş.m.)
6. Täze ýangyjy gözlemek boýunça energetikanyň soraglary. Adamlaryň özlerini alyp baryşlarynyň we olaryň organizmlerindäki biohimiki öwrülişmeleriň himiýasy we analitiki himiýasy.
Daş-töweregiň himiýasy howa we suwa zyňylýan galyndylaryň we senagat önümleriniň täsirini öwrenýän himiýanyň täze pudagydyr. Adam planetanyň esasy we tebigy hapalaýjysy bolup durýar. Uzak wagtlap ekologiki ösüş sazlaşykly boldy. Bir organizmiň ýaşamagy ösüş prosesinde ähli talaplara görä laýyk bolup, ol hem bolup geçýän himiki proseslere gabat gelýär. XVIII asyrda adamlar kadalaşan ekologiki ösüş prosesine ýetirýän täsiri duýarlyk däldi. Häzirki wagtda sazlaşykly ösüşiň bozulmagyna adamyň täsirinde himiýa we beýleki senagat kärhanalarynyň galyndylarynyň suwa we howa düşmegi sebäp bolýar. Atmosferada fotohimiki prosesleriň täsiri netijesinde hapalaýjy maddalar gaýtadan işlenip zyýansyzlandyrylýar we deňagramlylyk dikeldilýär. XX asyryň başlaryndan başlap adamyň atmosfera zyňýan örän köp mukdarda zyýanly maddalary tebigy dikeldilme prosesiniň deňagramlylygyny bozýar. Uly şäherleriň ýaşaýjylary atmosfera howasynyň hapalanmagyna köp duş gelýärler. Awtomobil ulaglarynyň köp hereket edýän ýerlerinde ugar gazy köp ýygnanýar. Bu bolsa adamlaryň zäherlenmegine getirýär. Daş-töweregiň hapalanmagy baradaky esasy soraglar himiýanyň nukdaýnazaryndan seredilmelidir. Howanyň hapalanmagy bilen bir hatarda suwuň hapalanmagy hem ekologiýanyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar.
G.Annagulyýewa
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy