Magtymguly hem-de Etrek etraplarynda zeýtun hasyly ýygnalýar
Balkan welaýatynyň Magtymguly hem-de Etrek etraplarynda ykdysady taýdan peýdaly, ynsan bedeni üçin ýokumly iýmit bolan zeýtun baglaryny ösdürip ýetişdirmekde nusgalyk işler amala aşyrylýar.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki günlerde Magtymguly hem-de Etrek etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýän zeýtun baglaryna agrotehniki talaplara laýyk ideg ýola goýlup, olardan bol hasyl almagyň hötdesinden gelinýär. Şu günler telekeçileriň bagçylyk bölümlerinde agrotehniki talapalara laýyk ösdürilip ýetişdirilýän tagamy we ýokumlylygy babatda esasy miweleriň hatarynda durýan zeýtunyň bitginli hasylyny ýygnamak hem-de olary sebitiň ak bazarlarynda sarp edijilere ýetirmek işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Zeýtun agajy suwsuzlyga ýaramly bolup, ol ýylyň ähli pasylynda gök öwsüp oturýar. Onuň miwesi we ondan alynýan ýagy ynsan bedeni üçin siňňitli we ýokumly iýmit hasaplanýar.