Bilermenler dünýäde nebite islegiň geljegine baha berdiler
Nebite we suwuklandyrylan tebigy gaza isleg üstümizdäki ýüzýyllygyň ortalaryna çenli artmagyny dowam eder. Bu barada Halkara energetika agenliginiň nobatdaky çaklamasyna salgylanýan «Reuters» habarlar agentligi ýazýar.
Guramanyň seljerijileriň pikirine görä, nebite bolan islegiň häzirki derejesiniň saklanyp galmagy onuň ýüzýyllygyň ortalarynda günde 113 million barrele çenli ýokarlanmagyna getirer, bu bolsa 2024-nji ýyldakydan 13 göterim köpdür. 2035-nji ýylda bu görkeziji häzirki ýagdaýdan 15 göterim artar.
Suwuklandyrylan tebigy gaz barada aýdylanda, görkeziji 2024-nji ýylda 560 milliard kubmetr bolanlygyndan 2035-nji ýylda 1020 mlrd kubmetre deň bolar. Bu ösüş depginine maglumatlary işlemek hem-de emeli aň merkezleriniň ösmegi bilen baglylykda, energetika pudagynda ýangyja islegiň ýokarlanmagy sebäp bolar diýlip, edaranyň çaklamasynda bellenýär.
Bu barada «Kabar.kg» ýazýar.