Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça 10 aýda 2047 konteýner daşaldy
2025-nji ýylyň 10 aýynda Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesiniň (HUG) gündogar ugry boýunça 20 futlyk göwrümli 2047 konteýner daşaldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,6 esse ýokarydyr. Bu barada «RŽD Logistika» kompaniýasynyň satuw bölüminiň müdiri Artýom Motulýew «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly maslahatda mälim etdi.
Demirgazyk – Günorta HUG-niň gündogar demir ýol ugry Belarusyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden geçýär, soňra deňiz arkaly dürli portlara çenli dowam edýär. Häzirki güne çenli bu ugur boýunça 78 konteýner otlysy guraldy: 49 sany eksport ugurda Russiýadan, 26 sany import ugurda Russiýa, 3 sanysy bolsa üstaşyr ugurda — diýip, «RŽD Logistika» kompaniýasynyň wekili düşündirdi.
«Häzirki wagtda eksport ugurlarynyň esasy geografiki ýeri – Günorta Afrika Respublikasy, Keniýa, Owganystan, Eýran, Yrak, Hindistan, BAE ýurtlary bolup durýar. Eksport ugur boýunça daşalýan harytlaryň esasy görnüşi kagyz önümleridir, ýagny sellýuloza önümleri» — diýip, Motulýew belledi.
Ol şeýle hem ýakynda amala aşyrylan taslama barada habar berdi — Russiýanyň Syktywkar şäherinden sellýuloza önümi ýüklenen 62 sany 40 futlyk konteýnerden doly otly Eýranyň Aprin gury portuna geldi.
«RŽD Logistika» kompaniýasynyň wekiliniň sözlerine görä, halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalar durnukly ösüşi görkezýär. 2022-nji ýylda 366 konteýner, 2023-nji ýylda 1098 konteýner (3 esse ösüş), 2024-nji ýylda bolsa 1872 konteýner (1,7 esse ösüş) daşaldy.