dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanda logistikada emeli intellektiň ulanylmagy boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde guramagynda, emeli intellekt tehnologiýalaryny logistikada ulanmagyň mümkinçiliklerini görkezýän programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça hakaton bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Baş baýraga Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty mynasyp boldy. 1-nji orny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, 2-nji orny Türkmen döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty öz aralarynda paýlaşdylar.

3-nji orny bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty eýelediler.