Awaza döwlet elektrik stansiýasynda 870 million kilowat sagatdan gowrak elektrik togy öndürildi
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Awaza döwlet elektrik stansiýasy indi birnäçe ýyl bäri diňe Balkan welaýatyny däl, eýsem, ýurduň beýleki welaýatlaryny hem elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edip gelýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türkmenbaşyly energetikler 2025-nji ýylyň geçen hasabat döwründe has-da netijeli zähmet çekdiler. Olar şu ýylyň başyndan bäri 870 million 506 müň kilowat sagat elektrik toguny öndürdiler.
Bu görkeziji meýilnamada göz öňünde tutulanyndan 20 million 506 müň kilowat sagat elektrik togundan köpdür. Ol meýilnamanyň 102 göterimine deňdir. Şeýlelikde, kärhananyň elektrik energiýasyny öndürmek boýunça önümçiligiň ösüş depgini 110 göterime çenli ýokarlandy.
Stansiýa 2010-njy ýylda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlipdi. Onda jemi kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Bularyň zerur halatynda dizel ýangyjynda işläp bilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Ol stansiýanyň netijeli işlemegini üpjün edýär.
Awaza döwlet elektrik stansiýasynda gaz turbinaly elektrik desgadan başga-da, 15 sany kiçi beket hereket edýär. Desgalarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalardyr elektrik enjamlar oturdylypdyr.