dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Aşgabatda saglygy goraýşa, bilime we sporta bagyşlanan sergi öz işine başlady

Şu gün, 10-njy oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. 12-nji oktýabra çenli dowam etjek bu çäre däp boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýar.

Sergä ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we edaralary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary we telekeçiler gatnaşýarlar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde guralan dabaraly açylyş çäresine Hökümet agzalary, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Serginiň ekspozisiýasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depginlerini, lukmançylyk ylmynyň we senagatynyň gazananlaryny, ilatyň saglygyny goramakdaky mümkinçilikleri hem-de bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň artýan gyzyklanmasyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Sergä gatnaşýan daşary ýurtly kompaniýalaryň arasynda Russiýadan, Belarusdan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýadan we beýleki ýurtlardan derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, sarp edilýän serişdeleri hödürleýän firmalar bar. Olar dürli lukmançylyk hyzmatlaryny, tebigy kosmetika önümleriniň giň görnüşini we çagalar üçin iýmitleri görkezýärler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem sergide öz üstünliklerini görkezýär. Wideoşekiller, diwarlyklar we ekspozisiýalar myhmanlary sanly bilimiň yzygiderli ösdürilişi bilen tanyşdyrýar. Bu ugur innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylmyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we bäsdeşlige ukyplylygyň güýçli itergisi hökmünde çykyş edýär.

Serginiň geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy, Çandybil şaýoly, 143. Sergä baryp görmek üçin 09:00-dan – 18:00-a açykdyr.