Türkmenistan bilen BAE demir ýol pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasy Abu-Dabi şäherinde geçirilen «Global Rail» halkara sergisiniň çäklerinde özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Resminama daşary ýurtlarda demir ýol taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegini, iki ýurduň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmagyny hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň demir ýol ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet «Global Rail» sergisine we maslahatyna gatnaşmak üçin BAE-de iş saparynda boldy. Halkara taslamalar bölüminde türkmen tarapy bu ýere gelenlere öz ulag başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.
BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl al-Mazrui türkmen wekiliýetini kabul edip, demir ýol pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynda gazananlaryny belledi.
«Etihad Rail» kompaniýasynyň baş direktory Şadi Malak kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň oktýabr aýynyň birinji ýarymynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Ol türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň demir ýol pudagynda çalt depginlerde ösýändigini nygtady.
Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň demir ýol edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem-de daşary ýurt taslamalary üçin maýa goýumlarynyň çekilmegi üçin binýat döreder.
Serginiň çäklerinde ministr Akmämmedow Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri ministriniň demir ýol boýunça orunbasary Mohammed Ishak Sahybzada bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygynyň artdyrylmagyny we Turgundy bekedindäki ammarlaryň gurluşygynyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda Turgundy–Hyrat demir ýol taslamasyna aýratyn üns berildi. Bu taslama millionlarça ýaşaýjysy bolan Owganystanyň Hyrat welaýatyny azyk bilen üpjün etmekde ynsanperwer we strategik ähmiýete eýedir, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ulag ulgamynyň ösüşine uly goşant goşýar.
Türkmen wekiliýeti Abu-Dabi ösüş gaznasynyň baş direktorynyň orunbasary Raşed Mohammed Al-Kaabi bilen hem duşuşyp, demir ýol taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşdy.