Türk eksportunyň 30 göterime golaýy 5 ýurduň bazaryna düşýär
Geçen awgust aýynda Türkiýe daşary ýurtlara harytlaryň we hyzmatlaryň 21 milliard 729 million dollara deň möçberini ýerledi, import 25 mlrd 940 mln dollary düzdi. Bu barada ýurduň Söwda ministrligine we Statistika institutyna salgylanýan «Azertaj» portaly habar berdi. Türkiýäniň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşy Germaniýa bolup durýar. Ýanwar-awgustda german bazaryna türk eksporty 14 mlrd 651 mln dollary düzdi. Ilkinji bäşlige şeýle-de Beýik Britaniýa, ABŞ, Italiýa we Yrak girdi. Bu ýurtlaryň paýyna ähli türk eksportunyň 29,6 göterimi degişli boldy. Türkiýä iň köp haryt getirýänleriň sanawynyň başyny Hytaý çekdi, ol ýerden ýurda 32 mlrd 49 mln dollarlyk haryt getirildi. Ondan soňra Russiýa (28,5 mlrd dollardan gowrak), Germaniýa, ABŞ we Italiýa gelýär. Bu döwletlere türk importunyň 43,2 göterimi degişli boldy.