dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň Türkmenistana iş sapary

12-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýosef Sikelan Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Merkezi Aziýanyň barha artýan geosyýasy ähmiýetiniň çäginde Ýewropa komissarynyň sapary Ýewropa Bileleşigi üçin sebit hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini we bu ugurda Türkmenistanyň aýratyn ornuny nygtaýar.

Saparyň maksady Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, hususan-da hyzmatdaşlygyň Türkmenistana we Ýewropa özara bähbit getirip biljek ugurlarynda ýagny, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrmagy, ulag arabaglanyşyklarynyň giňeldilmegi we ýaşyl ykdysadyýete geçmegi öz içine alýar.

Saparyň çäklerinde Ýewropa komissarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Ýewropa komissary bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň arasynda duşuşyk boldy.  Duşuşykda Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky esasy üstaşyr merkezine öwürjek Hazarüsti ulag geçelgesiniň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu geçelgäniň, logistika, ulag we söwda ugurlarynda maýa goýum mümkinçilikleri bolup, Ýewropa ýükleri ibermekligiň wagtyny takmynan 15 güne çenli azaldýar.

Şeýle-de duşuşykda taraplar, Global Gateway strategiýasynyň çäklerinde, Türkmenistanyň sebitleýin we global söwda torlaryna integrasiýasyny, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçiliklerini giňeltmek babatda belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Global Gateway platformasynyň işe girizilendigi barada habar berildi.Duşuşyň dowamynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygynyň çykyşlary boldy. Çykyşlarda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-ň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri hem-de maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Hususan-da, häzirki wagtda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda ýük göterijiligi 6100 tonna bolan gury ýük gämileriniň gurluşyklarynyň dowam edýändigi barada bellenilip geçildi. Duşuşykdan soňra, myhmanlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdyryldy.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.