dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tejribeliklere ýollandy

Dünýä halklarynyň arasynda “Nirede deňiz bar bolsa, şol ýerde söwda – täjirçilik ösendir” diýen jümle müňýyllyklardan bäri ýörgünlidir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatragynda ýerleşip Merkezi Aziýanyň “Deňiz derwezesi” bolup durýandygy üçin, sebitde iň bir amatly logistika merkezleriniň biri hökmünde ösýär we kämilleşýär.

                   Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt ösmegini şol sanda eksport we import üçin ýükleriň mukdarynyň köpelmegini, şeýle hem dürli pudaklarda bäsdeşligiň ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, deňiz ulagy pudagynyň ösüş depgini ýokarlandyrjak taslamalary durmuşa geçirmek üçin çäreler görülýär.

Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi geljekde deňizçilik ulgamynyň durli ugurlarynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlaýar.Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde gämi sürüjilik, gämi energetiki gurluşlarynyň ulanylyşy, energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi, gämi gurluşygy, ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy, tehnologik prosessleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy, logistikada operasion işi, myhmanhana hyzmatlary, maglumaty gorap saklamagyň tehnologiýasy we ony guramak, töwerekleýin gurşap alýan tebigaty gorap abadanlaşdyrmak hünärleri boýunça okuwlar alnyp barylýar.

         Adatça her ýylyň tomus möwsüminde talyplary ýörite gurnalan okuw-tejribeliklerine ýollanylýar. Okuw jaýynyň II ýyllyk talyplary  Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, “Balkan” gämi gurluşygy we abatlaýyş zawodynda we Deňiz söwda flotunda şeýle hem beýleki dürli edara-kärhanalarda özleriniň tejribeliklerini geçýärler. Bu gurnalýan tejribelikler talyplaryň okuw jaýynda alan nazary bilimlerini, tejribeliklerde berkitmeklerine örän uly ähmiýet berýär.Okuw jaýynyň I ýyllyk talyplarynyň tejribeliklerini bolsa ýörite meýilnamalar esasynda, okuw jaýynda geçilýär.  Şular ýaly okuwlaryň gurnalmagy geljekde täze tehnologiýalardan, innowasion enjamlardan baş çykarýan, olara erkin erk edip bilýän hünärmenleriň ýetişmegine getirýär.

         Hormatly Prezidentimiziň saýasynda giň gözýetimli, häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanmagy başarýan, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen umumy bilim edaralarynyň dowamly ösdürilmegi amala aşyrylýar.

         Geljegimiz bolan ýaşlara uly umyt baglaýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Apr 26 2026
Türkmenistanyň Prezidendi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ähli watandaşlaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidendi Serdar Berdimuhamedow ähli watandaşlaryny dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşan parasatly pederleriň zehininden kemal tapan, halk seçgisi esasynda döredilen şan-şöhratly bedewleriň şanyna uly dabara bilen döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Gutlagynda merdana halkyň durmuşynda ganatly bedewleriň tutýan ornunyň aýratyn ähmiýete eýedigini, gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewleriň halkyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydygyny hem-de halk arasynda aýdylýan «Aty baryň ganaty bar», «Taý ata ýetirer, at — myrada», «At — döwletlilik», «At rysgaly alnynda» ýaly parasatly jümleleriň munuň aýdyň beýanydygyny belleýär. «Pederlerimiziň nesillere goýan mizemez mirasy, dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz özboluşlylygy, gözelligi, ynsana mahsus gylyk-häsiýeti we eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny, atly sporty halkara derejede ösdürmek, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport boýunça guraljak çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmaga uly itergi berer» diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda nygtalýar. Döwlet Baştutany Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanýan ýylynda giňden dabaralandyrylýan Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ähli türkmen halkyna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda alyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.