dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
ANALITIKA: Dünýäniň energetika bazarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma artýar

Halkara energetika hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan häzirki döwürde işjeň syýasaty alyp barýar. Ähli gyzyklanýan taraplar – daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary we dünýäniň esasy energetika kompaniýalary bilen ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlyk bu syýasatyň esasy ugurlaryndan biri bolup durýar.

Ozal habar berlişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «Türkmenistanyň energetika hepdeligi» atlandyrylan şu hepdäniň dowamynda milli nebitgaz toplumynda Birleşen Arap Emirliklerinden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki ençeme ýurtlardan bolan kompaniýalar bilen duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyklarynyň we gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda iri we uzakmöhletli taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle yzygiderli işiň dowamy hökmünde türk tarapynyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 30-31-nji iýulynda Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Aşgabada sapary guraldy.

Şu gün türk ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky energetika, senagat, ulag, aragatnaşyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi we gaz, gazhimiýa, elektrik energetikasy pudaklarynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi, şeýle hem bilelikdäki işleriň meýilnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi.

Öz gezeginde ministr ikitaraplaýyn meseleleriň ähli ugurlary, şol sanda energetika meselesi boýunça gatnaşyklary berkitmekde Türkiýäniň taýýardygy barada Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.

Saparyň dowamynda türk ministri nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, döwlet konsernleriniň we korporasiýalaryň, hususan-da, «Türkmengazyň», «Türkmennebitiň», «Türkmengeologiýanyň» ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkiýä türkmen tebigy gazyny eltmek boýunça taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň, türkmen nebithimiýa we gazhimiýa senagatyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, ozal halkara konsorsiumlaryň düzüminde türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde karbamid, suwuk ammiak, kükürt kislotasyny, sintetiki benzini (GTG) öndürýän iri kärhanalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Energetika ulgamynda türk kompaniýalary bilen işleşmegiň baý tejribesine daýanyp, taraplar, şeýle-de türk tarapynyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň känlerini – kaliý duzuny, ýody, demir magdanlaryny özleşdirmäge hem-de bu ýerde häzirki zaman ýokary tehnologiýaly we eskporta niýetlenen önümçilikleri döretmäge gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistandan Türkiýä elektrik energiýasyny ibermek meselesine hem garaldy. Bu ugurda häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyndan ýakyn geljekde türk tarapyna türkmen elektrik energiýasyny ibermek mümkinçiligi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, türkiýeli hyzmatdaşlar dünýäniň öňdebaryjy elektroenergiýa kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenistanda häzirki zaman elektrik stansiýalarynyň gurluşygy boýunça birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Bu elektrik stansiýalarynda öndürilýän elektrik energiýasy Türkmenistanyň içerki bazaryna, şeýle hem dünýä döwletlerine iberilýär.

Şeýlelikde, ministr Alparslan Baýraktaryň sapary Türkmenistanyň we Türkiýäniň hyzmatdaşlygynyň strategik möhüm ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdaky işjeň ornuny aýdyň görkezdi.

Ähli Habarlar

Ähli Habarlar
Card image cap
Okt 27 2026
TDU-da Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli, şahyryň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen hem-de ýazyjynyň «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýew barada «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ylmy işgärleri, uniwersitetiň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti esasynda goýlan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy, onuň eserleriniň golýazmalary hakynda çykyşlar bolup, «Şükür bagşy» eseri esasynda düşürilen adybir filminiň baş gahrymanynyň keşbini janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde köp ýyllaryň dowamynda mugallymçylyk wezipesinde işlän, tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligi hatyralanyp ýatlanylyp geçildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary tarapyndan «Gün hakynda ballada» ady bilen çeper okaýyş görkezildi. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçysy tarapyndan «Şükür bagşy» filminden ajaýyp mukam ýerine ýetirildi.

Card image cap
Okt 23 2026
«Türkmennebit» Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde maýadarlar üçin şertleri mälim etdi

«Türkmennebit» döwlet konserni daşary ýurt kompaniýalarynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmäge gatnaşmagynyň şertleri barada maglumat berdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatda we sergide konserniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, Hazar deňziniň milli bölegindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmek ýurduň nebit pudagyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda amala aşyrylýar. Bu kanun nebit işlerini geçirmekde we önümi paýlaşmak hakynda şertnamalary baglaşmakda daşary ýurt maýadarlarynyň hukuklaryny kepillendirýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi 30-dan gowrak ygtyýarnama meýdançasyna bölünýär. Gyzyklanma bildirýän maýadar bir ýa-da birnäçe meýdança boýunça «Türkmennebit» döwlet konsernine resmi ýüz tutup biler. Ýüz tutma seredilenden soň, konserniň hünärmenleri kompaniýanyň bellenen talaplara laýyk gelýändigini tassyklasalar, ol saýlanan meýdança boýunça göni, eksklýuziw häsiýete eýe bolmadyk gepleşiklere gatnaşmaga çagyrylýar. Gepleşikler üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda taraplar önümi paýlaşmak hakynda şertnama ýa-da kanunçylykda göz öňünde tutulan başga bir şertnama baglaşýarlar. Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamadan başga-da, kanun roýalti we salgyt tölemek şertleri bilen konsessiýa şertnamasyny, bilelikdäki iş alyp barmak hakyndaky şertnamany, şeýle hem töwekgelçilikli hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça şertnamany baglaşmaga mümkinçilik berýär. Batyr Jumaýewiň düşündirmegine görä, kanunçylyk bu şertnamalaryň dürli görnüşlerini utgaşdyrmaga, şeýle-de halkara tejribesinde ulanylýan beýleki şertnamalardan peýdalanmaga ýol açýar. Ol maýadarlar üçin döredilen birnäçe kepilliklere aýratyn ünsi çekdi. «Ilki bilen, bu diňe bir görnüşli salgydy — peýda salgydyny we tebigy serişdelerden peýdalanmak hukugy üçin iki-üç görnüşli tölegi göz öňünde tutýan ýönekeýleşdirilen ýeňillikli salgyt ulgamydyr» — diýip, konserniň başlygynyň orunbasary belledi. Şunda maýadarlar beýleki hökmany töleglerden, ýygymlardan we paçlardan boşadylýar. Nebit işlerini geçirmek üçin getirilýän we daşary çykarylýan harytlaryň, materiallaryň hem-de enjamlaryň üpjünçiligi boýunça baglaşylýan şertnamalary Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige aldyrmak talap edilmeýär. Potratçy enjamlar we materiallar import edilende ýa-da eksport edilende alynýan gümrük paçlaryndan we ýygymlaryndan, şol sanda öz paýyna düşýän gazylyp alnan uglewodorodlaryň möçberine degişli paçlardan boşadylýar. Bu ýeňillikler kömekçi potratçylara hem degişlidir. Mundan başga-da, maýadar uglewodorodlaryň öz paýyna düşýän bölegine erkin ygtyýar edip biler. Şol sanda nebiti goşmaça salgytlar, ygtyýarnamalar we rugsatnamalar bolmazdan nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda gaýtadan işlemäge hem hukugy bardyr. Batyr Jumaýewiň habar bermegine görä, deňiz ýalpaklygynda önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamalaryň çäklerinde konsern «Dragon Oil», «Petronas» we «ADNOC» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2026-njy ýylyň iýun aýynda 19-njy we 20-nji bloklar boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama «Türkmennebit» döwlet konserni, Malaýziýanyň «Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasy hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasy tarapyndan gol çekilip baglaşyldy. Mundan başga-da, «Petronas Carigali» bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, geologiýa-gözleg işleri başlandy. Häzirki wagtda 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji bloklarda iki ölçegli (2D) seýsmiki barlaglar geçirilýär. Çykyş edýäniň sözlerine görä, bu ädimler Türkmenistanyň «açyk gapylar» syýasatyna ygrarlydygyny we ýurduň maýa goýumlary üçin özüne çekijiligini tassyklaýar. Çykyşynyň ahyrynda Batyr Jumaýew «Türkmennebit» döwlet konserniniň halkara kompaniýalar bilen «deňhukuklylyk we özara bähbitlilik şertlerinde» gepleşik geçirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.