dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça akylly ýöriteleşmekde dökün himiýanyň orny.

1.Dökün himiýa senagaty.

Elementleriň 70-den gowragy ösümlikleriň düzüminde bolup, bu elementleriň köpüsi örän az mukdarda duş gelýär.  Oňa garamazdan, uglerod, kislorod, wodorod, azot, fosfor, kükürt, magniý, kaliý we kalsiý ýaly elementler hem köp mukdardadyr we ýaşaýyş üçin zerur bolan elementlerdir. Ösümlikler azot, fosfor we kaliýden (NPK) galan elementleri, howadan we toprakdan alyp bilýärler. Ýöne, gowy hasyl almak üçin, bu üç elementi (NPK) ösümliklere daşyndan berilýär. Topragy NPK bilen baýlaşdyrmak üçin dökünler ulanylýar.

Ekinleri has gowy ösdürmek, bol hasyl almak üçin ulanylýan tebigy ýa-da himiki maddalara dökünler diýilýär. Dökünler oba-hojalyk himiýasynyň ähmiýetli pudagydyr. Dökünler gelip çykyşy boýunça birnäçe toparlara bölünýär: organiki däl – mineral, organiki, organo-mineral we bakterial. Olar gaty, suwuk we suspendirlenen görnüşde bolup bilýärler.

 Organiki dökünler.  Olarda iýmitlendiriji elementler haýwan we ösümliklerden gelip çykyşly maddalarda  saklanýarlar. Ilki bilen bu dökünlere ders, şeýle hem haýwan we ösümlik gelip çykyşly maddalaryň gaýtadan işlenilmeginiň dürli önümleri (torf, balyk uny, fekalii, şäher zyňyndylary we dürli azyk önümleriniň zyňyndylary) degişli.

 Organo-mineral dökünler   -  organiki we mineral maddalary saklaýarlar; bu dökünler organiki maddalaryň, ýagny torfuň, slansyň, goňur kömrüň we beýl. Ammiak ýa-da fosfor kislotasy bilen işlenilmegi arkaly alynýar.

Bakterial dökünler – toprakda iýmitlendiriji elementleriň ýygnanmagyny ukyplaşdyrýan mikroorganizmleri saklaýar.

2.Mineral dökünler – organiki däl gelip çykyşly önümler, senagat-zawod usuly bilen taýýarlanylýar: organiki däl çig maly himiki ýa-da mehaniki işlemeklik (mysal üçin, magdanlaryň – fosforitleriň, kaliý duzlaryň, dolomitleriň we ş.m. owradylmagy we ş.m.). Çig maly himiki gaýtadan işlemek arkaly alynýan mineral dökünler täsir edýän maddalaryň konsentrasiýasynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýarlar. Täsir edýän maddalary (görnüşi) boýunça mineral dökünler şu toparlara bölünýär: azot, fosfor, kaliý we mikrodökünler (borly, molibdenli we b.).

Dökünlere bolan talabyň artmagy bilen deň hatarda, NPK we NPK birleşmeleriniň önümçiligi hem artdy. Köp mineral dökünler (mysal üçin: KCl, NaNO3, NH4NO3 we ş.m.) düzüminde diňe bir ýokumly element saklaýar. Şeýle dökünler ýönekeý hasaplanýar. Düzüminde iki ýa-da üç esasy ýokumly elementler (NPK) bolan mineral dökünler has çylşyrymlydyr. Olar kompleks dökünlere degişlidir.

  Howa (azot üçin çig mal), fosfat daşy (fosfor üçin çig mal) we silwinit (kaliý üçin çig mal) dökün önümçiliginiň esasy çig mallary hökmünde ulanylýar.

Düzüminde saklanýan iýmitlik elementi boýunça dökünleri sada we çylşyrymly dökünlere bölýärler. Sada  dökünlere azot, fosfor we kaliý dökünleri degişlidir. Sada azot dökünlerine ammoniý selitrasy NH4NO3, karbamid (NH2)2CO we beýlekiler degişlidir. Sada superfosfat Ca(H2PO4)2•2CaSO4, ikileýin superfosfat Ca(H2PO4)2 we  beýlekiler sada fosfor dökünleridir. Sada kaliý dökünlerine  kaliý sulfaty K2SO4 we beýlekiler degişlidir. 

Mugallym: Guradowa Ogulnyýaz

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Iýn 07 2024
Bilim ulgamy ösýär, özgerýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda döwrebap, oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Ösen ýurtlarda umumy bilimiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary gözlenilýär we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, olary bilim ulgamyna ornaşdyrmak üçin köp işler amala aşyrylýar. Häzirkizaman okuwyň tehnologik üpjünçiligi ösen ylmyň derejesine gabat gelmelidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edildi. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri işleýär. Bilim ojaklarynyň interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi bilimiň hiliniň düýpgöter kämil derejä göterilmegine getirdi. Multimedia tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Sapaklarda talyplaryň, okuwçylaryň mowzuklary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemegi öwrenmeklerinde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimedia tehnologiýalarynyň hyzmaty uludyr. Geçirilýän sapaklar multimedia tehnologiýalary bilen guralanda, ýaşlaryň geçilýän mowzuga çuňňur düşünýändigini, ýadynyň, ünsüniň işjeňleşýändigini we döredijilik başarnyklarynyň ösýänligini görmek bolýar. Şeýle-de bilim işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrýar, wagtyny tygşytlamaga ýardam berýär.