dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Azyk howupsyzlygyna möhüm ädimler

Her bir döwlet ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmegiň ýoluny, usullaryny, döwlet goldawynyň görnüşlerini diňe bir ýurtda ýa-da sebitde däl, eýsem, dünýäde kemala gelen ýagdaýlary nazara alyp, özi kesgitleýär. Golaýda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläkki durnukly ösüşine ýardam berjek ugurlara bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, azyk harytlarynyň ýeterlik möçberdäki gorlaryny döretmek, içerki bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek babatynda garalan meseleler munuň şeýledigini tassyklaýar. Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň 11,5 göterime deň bolmagy ýurdumyzda ähli jähetden, hususan-da, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin berk ykdysady binýadyň bardygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Milli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine ýurtlaryň ünsleriniň güýçlenmegi diňe bir adamlaryň iýmit önümlerine barha artýan islegleri bilen baglanyşykly bolman, eýsem, global derejede ýüze çykýan birnäçe sebäpleriň täsiriniň görnetin artmagy bilen hem düşündirilýär. Dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam etmegi, şeýle-de ählumumy pandemiýa ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň belli bir derejede çäklendirilmegine getirdi. Dünýäde ýüze çykan şeýle çylşyrymly şertler ýurduň ykdysady, şol sanda azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek meselesiniň ähmiýetini artdyrýar.

Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy döwletiň diňe bir özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagyň şerti bolman, eýsem, ilatyň deňagramly iýmitlenmeginiň ýeterlik derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatynda daşary

söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, agrosenagat toplumynyň eksporta gönükdirilmegini güýçlendirmäge mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem möhüm esaslaryny emele getirýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi, birinjiden, sagdyn iýmitlenmek üçin ýeterlik derejede önümler bilen üpjün etmegi goldamakdan, ikinjiden, importa bolan garaşlylygy azaltmakdan, şeýle-de azyk önümlerini öndürijileriň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, iýmit önümleriniň ilat üçin elýeterliligini, olary satyn almak mümkinçiliklerini azyk howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezmek bolar.

Köp ýurtlarda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem azyk howpsuzlygyny gazanmakda ileri tutulýan ugurlar, esasan, oba hojalyk pudagyny ösdürmekden,

munuň üçin ony goldamagyň degişli çärelerini kabul etmekden, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakdan, eksporty höweslendirmekden ybaratdyr. Oba hojalyk önümçiligi hemişe hereket edýän döwlet kadalaşdyrylyşy, şeýle-de milli azyk bazarlarynyň goraglylygynyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.

Ýerli önümçiligiň hasabyna, şeýle-de oba ilatynyň ýaşaýşy we hojalyk işi üçin amatly şertleri döretmek arkaly azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe uly işler alnyp barylýar.

Geljekde oba hojalyk ulgamynyň, diňe bir durmuşa gönükdirilen, döwletiň azyk howpsuzlygyny üpjün edýän we sarp ediş isleglerini kanagatlandyrýan pudak bolman, eýsem, halkara zähmet bölünişigine goşulyşmaga, önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin zerur pul serişdeleridir maýa goýumlary çekmäge ukyply düzüm bolmagy ugrunda amala aşyrylýan işleriň oýlanyşykly alnyp barylmagy möhüm hasaplanýar. Şunda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurdumyzyň döwlete dahylly däl bölegine möhüm ornuň degişlidigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk azyk önümleriniň ep-esli böleginiň hususyýetçiler tarapyndan öndürilýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Hökümet mejlisinde, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin,Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrligine hem şonça möçberde pul serişdelerini bölüp bermek barada degişli Karara gol çekilmegi bu ugurda ädilen örän oýlanyşykly ädimdir. Döwlet derejesinde kabul edilen şeýle çözgüt, bir tarapdan, telekeçilikde azyk önümleriniň önümçiliginiň geriminiň giňemegine,

beýleki tarapdan, importyň ornuny tutýan syýasatyň mundan beýläk-de işjeňleşmegine itergi berer.

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 26 2026
Türkmenistanyň köpugurly ykdysadyýeti we onuň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goragynyň ösüşinde tutýan orny.

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.

Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.