Döredijilik duşuşygy.
Ata Watanymda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdy has-da döwrebaplaşdyrmakdan, ýurduň abadançylygyny gorap saklamakdan hem-de halkyň ruhy taýdan kämilligini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Taryhyň sahypalaryna ser salanymyzda ata-babalarymyzyň ösen medeniýetleri döredendiklerine, dünýä medeniýetiniň ösmegine hem uly goşant goşandyklaryna, döredijilikli ýaşamagy başarandyklaryna aýdyň göz ýetirýäris. Biziň häzirki neslimiz bolsa ony has-da ösdürip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kämil medeniýetini kemala getirýärler.
Milli Liderimiziň öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, milli däp-dessurlarymyzya söýgi döretmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige mahsus ruhda terbiýelemek, ýaşlar syýasaty boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmek ýaly meseleler ilkinji orunda görkezilýär.
Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan güneşli Diýarymyzda bu ugurda milli Liderimiz tarapyndan ýaşlary ylmy we döredijilik işlerine höweslendirmek, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmak, ýaş telekeçilere goldaw bermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Munuň özi ýaşlary ruhlandyrýar, şol bir wagtda olarda uly jogapkärçilik duýgusyny oýarýar.
Ýakynda Deňizçilik orta hünär okuw mekdebine Balkan welaýatynyň görnükli şahyry Mämmetgurban Geldigurbanowy myhmançylyga çagyrylyp, döredijilik bilen meşgullanýan, şahyrçylyga bolan höwesli talyplar bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Ol öz döredijilik ýolundan söhbet açyp neşir edilen “Mukamly öwrümler”, “Ýürekde beslänim Watan”, “Pederleriň söhbedi” atly kitaplary bilen tanyşdyrdy. Şahyr öz çykyşynda aýratynam türkmen halkynyň meşgur şahsyýetleri Garajaoglan, Görogly ýaly adamlar, olaryň ýaşan ýerleri, durmuşy barada söhbet açdy. Şeýle hem Etrek etrabynda ýaşap geçen belli adamlar, bagşylar, sazandalar hakynda gürrüň berdi. Ýaşlara bagyşlan öwüt-nesihat äheňli “Ýigide”, “Gyza” diýen şygyrlary talyplarda aýratyn täsir galdyrdy.
Okuw jaýymyzda döredijilik bilen meşgullanýan, şygyrçylyga bolan höwesli talyplar “Gämi sürüjilik” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Gurban Ödeniýazow, “Maglumatlary gorap saklamagyň tehnologiýasy we ony guramak” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Sähragül Keljäýewa, “Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Aýna Potjanowa, “Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ogulşat Babaýewa, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nurjahan Kömekowa öz gezeklerinde ata watanymyzy wasp edýän goşgularyny, söýgi temasyndan şygyrlaryny ýerine ýetirdiler.
Şahyr ýaş döredijileri diňläp, şahyrçylyk äleminden gowy maslahatlary berdi, mundan beýlägem talyp ýaşlara döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuwlady.
Şular ýaly gowluklaryň sakasynda duran, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge döredip berýän gahryman arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli, beýik başlangyçlarynyň elmydama üstünliklere, rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Ýalkym Meretgylyjowa.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy