dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi 2024-2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýänligini yglan edýär:

1. Gämi sürmeklik

2. Gämi energetiki desgalarynyň ulanylşy

3.Gämi gurluşygy we abatlaýyş

4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş

5. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit

6.Energiýa hojalygy we ekeltrik üpjünçiligi

7. Tehnologiki prosessleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy

8. Logistikada operasion işi

9. Maglumaty goramagyň gurluşy we tehnologiýasy

10. Töwerekleýin gurşap alýan tebigaty gorap, abadanlaşdyrmak.

11. Myhmanhana hyzmatlary

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär. Okuwyň möhleti hünärlere görä degişlilikde 2 ýyl ýa-da, 2,5 ýyl hem-de tölegli esasda okadylýar. Resmi iş kagyzlary Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýulyndan 21-nji awgusta çenli kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

-bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);

-umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy we göçürmesi;

- Türkmenistanyyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy ;

-soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

-3х4 möçberindäki 8 sany fotosurat; Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Şahsy pasportynyň göçürmesi; Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny; harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirmeli we nusgalaryny tabşyrýar.

Giriş synaglary Matematika, Fizika we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça geçirilýär.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklanýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Beýleki bildirişler

Ähli bildirişler
Card image cap
Apr 02 2026
Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy: Awazada talyplaryň joşgunly sport baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, aprel aýynyň ýurdumyzda Saglyk aýy diýlip yglan edilmegi ýaş nesilleriň ruhuny belende göterýär. Şunuň bilen baglylykda, aprel aýynyň 02-sine Hazar deňziniň merjen dänesi bolan Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda sport çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda talyplaryň aýratyn işjeňligi we buýsançly çykyşlary hemmeleriň ünsüni çekdi. Sport çäresi ir bilen deňiz kenarynyň tämiz howasynda köpçülikleýin maşklar bilen başlandy. Talyplar öz halypa mugallymlary bilen bilelikde, sazlaşykly saz astynda bedeni taplaýan döwrebap gimnastik maşklary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Ýaşlaryň her bir hereketinde sagdyn durmuş ýörelgesine bolan söýgi we öz mekdebine bolan guwanç duýuldy. Bedenterbiýe maşklaryndan soňra, çäräniň iň täsirli pursady bolan welosiped ýörişine badalga berildi. Awazanyň gözel binalarynyň ýanyndan geçýän ýodalarda talyplar uly joşgun bilen welosiped sürdüler. Bu ýöriş diňe bir sport çäresi däl, eýsem ýaşlaryň agzybirliginiň we sagdyn geljege bolan ynamynyň dabaralanmasyna öwrüldi. Gatnaşyjylaryň ýüzlerindäki şatlyk we kalplaryndaky buýsanç çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Aprel aýynyň sagdynlyk ruhy bilen utgaşan bu ajaýyp gün, talyplar üçin hakyky bagtyýarlyk baýramy boldy. Şeýle döwrebap şertleri we bagtyýar ýaşlygy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza mugallymlaryň we talyplaryň minnetdarlygy çäksizdir.

Card image cap
Apr 01 2026
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň 25-nji martynda “Açyk gapylar” güni geçirildi.

Bu geçirilen çärede okuw mekdebimizde bilim almaga isleg bildirýän ýaşlarymyza okuw mekdebimiziň ähli mümkinçiliklerini açyp görkezjek gezelençler, görelde sapaklary, zehin bäsleşikleri, ähli hünärler boýunça taslamalar we sergiler gurnaldy. Talyplarymyzyň görkezýän taslamalarynda diňe bir tehnika däl, eýsem uly bir medeni dowamat ýatyr. Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde deňiz bilen dost bolan, Hazaryň kenarynda uly siwilizasiýalary guran halkdyr. Talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalary jemgyýetiň häzirki zaman meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Meselem, deňiz portunyň ekologiýasy ýa-da ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi baradaky ylmy gözlegler. Bu diňe bir mekdep çäklerinde däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin wajyp meselelerdir. Talyplar öz taslamalarynda “Men jemgyýete nähili peýda getirip bilerin” diýen soraga jogap berýärler. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýaşlar syýasatynyň – döredijilikli we işjeň nesili kemala getirmek maksadynyň netijesidir. “Açyk gapylar” gününe gelen her bir ýaş ýürek biziň taryhymyzy we gelejegimizi baglanyşdyrýan täze bir güýçdir. Biz ýaşlara şeýle giň ýollary açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilim ýoly hemişe aýdyň bolsun.