dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
“Tehniki mehanika” – nyň täze nesiliň ösüşindäki tutýan orny. Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we tehnika güýçli depginler bilen ösýär. Ähli pudaklarda täze enjamlar, desgalar, maşynlar we tehnologiýalar işe girizilýär. Şeýlelik bilen, ylmyñ we önümçiligiñ ýakyn aragatnaşygy bolup geçýär. Desgalaryñ, enjamlaryñ ösüşinde ylmy has hem köp ulanmak zerurdyr. Munuñ özi tehnikanyñ, tehnologiýanyñ we dolandyryşyñ ylmyñ gazananlaryny durmuşa geçirmekde ýüze çykarylýar. Täze maşynlaryñ, mehanizmleriñ, önümçilik işi bolan awtomatiki toplumlaryň döredilmegi zähmet öndürijiliginiñ üznüksiz ýokarlanmagyna, şol bir wagtyñ özünde önümiñ hilini we effektiwligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ösüşleri bolsa önümçilik kärhanalarynyñ talaba laýyk nazary, tejribe we umumy tehniki taýdan taýýarlygy bolan hünärmenlerisiz göz öñüne getirmek mümkin däldir. Hünärmenleri umumy tehniki taýdan taýýarlamakda “Tehniki mehanikanyñ esaslary” dersine esasy rol degişlidir. Bu ders okuw dersleriniñ arasynda aýratyn orna eýedir. Ol umumy tehniki dersler toparynda jemleýji (aýgytlaýjy) bolup, umumy tehniki dersler topary bilen ýörite dersler toparynyñ arasynda baglaýjydyr. Dersiñ esasy maksady geljekki hünärmenlere maşynlary we mehanizmleri dogry ulanmaklygy we olara hasaplamalary geçirmekligi öwretmekdir. Häzirki zaman orta hünär okuw mekdebiniñ geljekki hünärmeni umumy maşyn alyp barmaklygyñ umumy esaslaryny bilmelidir. Bu bilimler oña maşynlary we mehanizmleri dogry ulanmak üçin önümçilik prosessleriñ awtomatizasiýasynyñ, mehanizasiýasynyñ, tehnologiýasynyñ meselelerini dogry çözmeklige itergidir, başga-ça aýdanyñda maşynlara we mehanizmlere gowy düşünmelidir, olary taslamagyň we konstruirlemegiñ hasaplamalaryny bilmelidir. Maşynlaryñ we mehanizmleriñ tehniki işleriñ dürli-dürli pudaklarynda ulanylýandygyna garamazdan olaryñ kömegi bilen meñzeş meseleler çözülýär. Şonuñ üçin dürli maşynlaryñ we mehanizmleriñ köp ýagdaýda birmeñzeş tipli detallardan we uzellerden ybaratlygy geñ däldir. Tehnikleri taýýarlamakda bu meseleleriñ çözgüdini “Tehniki mehanikanyñ esaslary” dersi özünde jemleýär. “Tehniki mehanikanyñ esaslary” dersi üçe bölüp öwrenilýär, ýagny: 1. Nazary mehanika. 2. Materiallaryň garşylygy. 3. Maşynlaryň detallary. Ders öwrenilende hem şu tertipde öwrenilýär. Ýagny ilki bilen “Nazary mehanika” – dan öwrenilip başlanýar. Nazary mehanika hem öz gezeginde üç bölümden ybaratdyr: 1. Statika. 2. Kinematika. 3. Dinamika. Nazary mehanikada esasan güýçler, jisimleriň deňagramlyk ýagdaýy we hereket baradaky düşünjeler alynýar. Soň “Materiallaryň garşylygy” – nda talyplar eýýam real, hakyky obýekt bilen işleýärler, ýagny deformirlenýän jisimlere güýç täsir edende ýüze çykýan ýagdaýlary öwrenýär we deformasiýa degişli geçirilýän hasaplamalar bilen tanyş bolýarlar. Bulardan soň hem “Maşynlaryň detallary” bölüminde tehnikada we önümçilikde köp duş gelýän maşynlaryň detallarynyň görnüşlerini, taýýarlanýan materiallaryny, ýüze çykýan deformasiýalary we olara degişli geçirilýän hasaplamalary öwrenýärler. Derse degişli soraglaryñ doly öwrenilmegi geljekki hünärmenlere tehniki ösüşe işjeñ gatnaşmaga, häzirki zaman tehnologiýalarynyñ ösüşine gatnaşmaga, jemgyýetiñ maddy-tehniki esasyny döretmäge ýol berer.

Annaýewa Parça

mugallym

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Sen 20 2025
Ajaýyp mümkinçilik

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2025) 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 18-inde we 19-ynda  geçirildi. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Bu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary gutlady. Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip döwlet Baştutany öz gutlagynda belledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi.Esasy çykyşlar bilen dünýäniň görnükli bilermenleri çykyş etdiler. Olaryň hatarynda Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory Beatris Lus Maser Mallor we onlaýn görnüşde gatnaşan BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima çykyş etdiler. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima Awazadaky Maýa goýum forumynyň gatnaşyjylarynyň öňünde wideoýüzlenme bilen  çykyş edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň  bähbitlerini öňe sürmekde Türkmenistanyň öňdebaryjy ornuna ýokary baha berdi we maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen BMG-niň täze başlangyçlaryny hödürledi. Geçen ýylky TIF 2024 forumyna 44 ýurtdan 1,1 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Onuň netijesinde 18 ylalaşyga we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Jemi bahasy 167 million dollara barabar şertnamalaryň baglaşyldy. Forum gatnaşyjylara soňky ykdysady özgertmeler we başlangyçlar bilen tanyşmak, Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalar bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak, anyk maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugruny kesgitlemek üçin giň mümkinçilik döretdi. Forumyň maksatnamasynda strategiki panel çekişmeleri, maýa goýum taslamalaryň tanyşdyrylyşlary, B2B we B2G duşuşyklary, master-klaslar hem-de medeni çäreler göz öňünde tutulypdyr. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF-2025) çäginde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda strategik ylalaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Bu ylalaşyklar Türkmenistanyň ykdysady bähbitleriniň giňdigini we halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.