dohom@sanly.tm
Türkmenbaşy şäheriniň D.Azady köçesiniň 75-nji jaýy
Logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmak.

Logistika – bu harytlary öndürilen nokadyndan ahryky sarp edijilere çenli netijeli daşamak we saklamak hem-de olary meýilnamalaşdyrmak boýunça işleri öz içine alýar. Logistikanyň maksady müşderileriň talaplaryny öz wagtynda hem-de ýokary hilli kanagatlandyrmak bolup durýar.

Harytlary dürli ulag görnüşleri bilen multimodal daşamagyň ulanylmagy çykdajylary azaltmaga we hyzmat derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şeýlelikde, eýýäm, ýolda bolan (alnyp barylýan) ýük gysga wagtyň dowamynda eltilmeli bolsa, iň ýakyn portdaky gämiden aýrylyp, howa ýa-da demir ýol ulaglaryna geçirilip bilner. Ýükleriň ähli görnüşleri şeýle-de, azyk önümlerine çenli islendik harydyň daşalmagyna mümkinçilik berýän giň göwrümli 20 we 40-futlyk konteýnerlerde deňiz üsti daşama işini amala aşyrylýar . Bularyň içinde suwuklyklar, ürgün maddalar, gurluşyk materiallary, önümçilik enjamlary, tiz zaýalanýan ýükler we başga köp zat daşalýar. Zerur bolanda, konteýneriň içinde kesgitli temperaturany üpjün edilip bolýar. Deňiz üsti konteýnerlerde ýük daşamagyň artykmaçlygy şulardyr:

Ýükleriň zaýalanmaga ýokary derejede goraglylygy;

Ýükleri we harytlary ygally howadan goramak mümkinçiligi;

Portda ýükleme-düşürme işlerini alyp barmagyň rahatlygy;

Ýükleriň ýanlyk resminamalarynyň ykjam ýöredilmegi;

Konteýnerleri ýük gämilerinden demirýol wagonlaryna we ýük awtoulaglara geçirme mümkinçiligi – muňa deňiz üsti multimodal daşama diýilýär. Ulag ulgamynyň netijeli dolandyrylyşy, bölek-satuw ýerleriniň we müşderileriň arasynda harytlary ýola goýmaklygy guramak hem-de ulag ulgamyny meýilleşdirmek, ony optimallaşdyrmak logistikanyň esasy wezipesi bolup durýar.

Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitdäki çykyşy Türkmenistanyň bu guramanyň çägindäki özara gatnaşyklarda ileri tutýan ugurlaryny öz içine aldy. Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda bu ýokary derejeli duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine we bu babatda täze wezipeleri kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlykda ileri tutýan ugurlary barada durup geçdi. Nursoltanda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy ýubileý sammitde eden çykyşynda TDG-niň ýurtlaryna Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmagy teklip etdi.

«Häzirki ählumumy durnuksyzlyk ýagdaýynda döwletlerimiziň arasynda we olaryň çäklerinden daşarda giňden ýaýran hem-de döwrebap ulag-üstaşyr we logistika ulgamyny döretmek wezipesi baş meseleleriň biri bolup durýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan soňky ýyllarda Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän birnäçe iri üpjünçilik ulgamynyň taslamalaryny öňe sürdi we olara Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar hem işjeň gatnaşýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen degişli ylalaşyga laýyklykda, Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugry boýunça ulag geçelgesi döredilendigini we häzirki wagtda bu ulag ýoluny doly güýjünde işe girizmek babatda tagalla edilýändigini ýatlatdy.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan ugry boýunça Hazar deňzine çykjak, soňra bolsa, Azerbaýjana we Türkiýä uzaljak ulag geçelgesini döretmek babatda hem işler alnyp barylýar.   Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türki döwletleriň gatnaşmagynda döredilýän transhazar ulag geçelgeleriniň zerurlygyny we netijeliligini aýdyň görkezýär. «Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň logistika we üpjünçilik ulgamynyň mümkinçliklerini ulanmagy teklip edýärin» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi.

Aýsyluw Atagurbanowa

mugallym

Beýleki makalalar

Ähli makalalar
Card image cap
Okt 26 2026
Türkmenistanyň köpugurly ykdysadyýeti we onuň ýurdumyzyň ilatynyň durmuş goragynyň ösüşinde tutýan orny.

Garaşsyz ösüşiň 35 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy. Geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Infrastruktura özgertmelerini goldamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ugur alynmagy, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, maýa goýumlary oýlanyşykly peýdalanmak, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklaryna goldaw bermek üçin möhüm itergi boldy. Geçilen ýola ser salyp aýdanymyzda, garaşsyz ösüş ýyllarynda Türkmenistanyň agrar döwletden senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülendigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. Has takygy, başlangyç tapgyrda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalygynyň paýy 40 göterimden gowrak, senagatyň paýy 17 göterim, olaryň hem 80 göterimden gowragy gazyp alýan pudaklara degişli bolan bolsa, häzirki wagtda jemi içerki önümde senagatyň paýy 27 göterimden gowrak, oba hojalygynyň paýy bolsa 11-12 göterime ýetýär. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginiň gurluşy düýpli özgerdi. Pudakda pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýetini saklamak bilen, oba hojalygynda galla senagaty täzeden dikeldilip, maldarçylygy ösdürmek üçin binýat döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdi.

Card image cap
Okt 23 2026
Türkmenistanyň logistika ulgamy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň we Eýranyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň araçäklerinde ýerleşýär. Şeýle ýerleşiş ýurdy Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän tranzit ýoluň tebigy bölegine öwürýär. Soňky ýyllarda ýurtda awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglaryny bir ulgama birleşdirýän köpugurly (multimodal) logistika ulgamy bina edilýär. Ulgamyň esasy merkezi Türkmenbaşy halkara deňiz porty. Ol 2018-nji ýylyň maý aýyndan bäri işleýär we sebitdäki ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen. Täze port ýük geçirijilik kuwwatyny ýylda 25–26 million tonna çenli, ýagny üç esseden gowrak artdyrdy. Port Türkmenistanyň kenarýaka ýerlerindäki iň uly ýük we ýolagçy daşaýyş merkezi hasaplanylýar. 2026-njy ýylyň mart aýynda Europa Bileleşiginiň wekiliýeti portda bolup, Hazaryň üsti bilen geçýän Trans-Hazar ulag ýolunyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Port Hazar–Gara deňiz ugurly halkara tranzit ýolunyň möhüm bölegi. Türkmenbaşy, Baku (Alaty), Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bulardan başga, Lapis-Lazuli ýoly hem Owganystan–Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Türkiýe ugruny düzýär. Demir ýol ulgamynda Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýoly aýratyn orun tutýar; ol 2014-nji ýylda açylyp, Merkezi Aziýany Parsy aýlagy bilen birleşdirdi. Awtomobil ulgamynda bolsa, Gazagystan, Eýran we Owganystan bilen baglanyşdyrýan awtoulag ýollary bar, Özbegistana we Gazagystana tarap täze ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Howa ulaglary babatda Aşgabadyň halkara howa menzili we welaýatlardaky täze howa menzilleri döwrebap halkara ülňülere laýyk gelýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialog sammitinde çykyş edip, ýurdy Ýewraziýanyň möhüm logistika merkezine öwürmek strategiýasyny beýan etdi. Ol täze ýollaryň bar bolan ýollary çalyşmaly däl-de, olary doldurmalydygyny nygtady.

Card image cap
Okt 21 2026
Adamyň saglygyna ekosistemanyň durnuklylygynyň täsiri

Ekosistemanyň durnuklylygy — bu tebigatyň öz deňagramlylygyny, köpdürlüligini we arassalygyny saklamak ukyplylygydyr. Adam saglygy gös-göni daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr. Ekosistema durnukly bolanda, ol adama ýaşaýyş üçin zerur bolan ähli binýatlaýyn seretleri üpjün edýär. Tebigat bilen adamyň arasyndaky özara baglanyşyk berk bolup, ekosistemanyň durnuklylygy adamyň fiziki we ruhy saglygynyň kepilidir. Arassa howa we suw: Tokaýlar we ösümlikler howany arassalaýar, kömürturşy gazyny sorup, kislorod bölüp çykarýar. Tebigy suw çeşmeleri we toprak bolsa suwy süzgeçden geçirip, ony içmek üçin ýaramly edýär. Azyk howpsuzlygy we topragyň öndürijiligi: Durnukly toprak ekosistemasy we bio-köpdürlilik (ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleri tozanlandyrýan mör-mejejekler) obahojalyk önümleriniň bol we hilli bolmagyny üpjün edýär. Keselleriň öňüni almak: Tebigy deňagramlylyk saklananda, infeksiýa göteriji mör-mejejekleriň ýa-da haýwanlaryň çäkden aşyry köpelmegi çäklendirilýär. Bio-köpdürliligiň peselmegi täze viruslaryň we keselleriň adama geçmek töwekgelçiligini artdyrýar. Psihologik we ruhy saglyk: Tebigy gurşaw, ýaşyl zolaklar we arassa tebigat adamyň stresi azaltmagyna, gan basyşyny kadalaşdyrmagyna we nerw ulgamyny dynç aldyrmagyna uly kömek edýär. Dermanlyk derman serişdeleri: Häzirki zaman lukmançylygynda ulanylýan dermanlaryň 50%-den gowragy tebigy ösümliklerden we bio-serişdelerden alynmak bilen şertlendirilendir. Bio-köpdürlilik näçe baý bolsa, täze dermanlary tapmak mümkinçiligi hem şonça ýokarydyr. Zoonoz infeksiýalaryň öňüni almak: Tebigy yaşam alanlaryň goralmagy haýwanlaryň we adamlaryň arasyndaky tebigy serhetleri saklaýar. Bu bolsa viruslaryň adamlara geçmeginiň (zoonoz keselleriň) öňüni alýar.Klimatyň kadalaşdyrylyşy: Tokaýlar we ummanlar planeta derejesinde temperaturany kadalaşdyrýar. Durnukly klimat adamlary aşa yssydan, guraklykdan we tebigy heläkçiliklerden goraýar. Adam saglygyny goraýyş diňe bir lukmançylyga daýanman, eýsem tebigy ekosistemany goraamak we onuň durnuklylygyny saklamak bilen berk baglanyşyklydyr. Durnukly tebigat — durnukly, sagdyn we bagtyýar jemgyýetiň düýp binýatydyr. Ekosistemany arassa saklamak geljekki nesilleriň saglygyny üpjün etmekde iň uly ädimdir.